Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin bot peýda boldy

  • 29.07.2025 18:57
  • 3.5k+

Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin resmi bot peýda boldy. Bu barada “Kod Durowa” habar berýär.

Täze gural mini-programma esaslanýar we ýüzi skanirlemek funksiýasyny ulanýar.
Boty aýratyn ýa-da sazlamalar menýusy arkaly işe girizmek bolýar. Häzirki tapgyrda ol ýaşy tassyklamagy kanuny derejede talap edýän ýurtlarda işleýär. Telegram öz tehnologiýalaryny ulanýar we beýleki kompaniýalaryň hyzmatlaryna ýüz tutmaýar.
Işläp düzüjiler ýüzi skanirlemegiň gurluşyň özünde amala aşyrylýandygyny nygtaýar: maglumatlar ulanyjynyň gurluşyndan daşyna çykmaýar, saklanyp galmaýar, serwerlere iberilmeýär we üçünji taraplar üçin elýeterli däldir.

“Gurluşda ýüzi çalt skanirlemegiň kömegi bilen ýaşy tassyklamak üçin bu boty ulanyň. Hiç bir surat ýa-da maglumat siziň gurluşyňyzdan daşyna çykmaýar we biziň serwerlerimize düşmeýär. Sebit kanunyna laýyklykda, biz diňe siziň 18 ýaşdan kiçidigiňizi ýa-da uludygyňyzy barlaýarys – başga hiç zat saklanmaýar we iberilmeýär” – diýlip, Telegram-yň resmi habarynda aýdylýar.

Eger ulanyjy ýaş çäklendirmesi bolan kontente elýeterli bolmak islese, programma onuň 18 ýaşandygyny tassyklamak üçin barlagdan geçmegi teklip eder. Funksiýanyň işlemegi üçin diňe kamera rugsat bermek ýeterlik, Face ID goldawy hökman däl. Ýaşyň tassyklanmagy bir gezek geçirilýär. Bellenilişi ýaly, ulgam galp suratlary tapawutlandyrmaga ukyply, şonuň üçin feýk suratlary ulanmak mümkin däl.
Häzirki wagtda bot Beýik Britaniýada elýeterli. Barlagdan geçilmese, messenjer tarapyndan ulular üçin niýetlenen diýlip kesgitlenen materiallara elýeterlilik çäklendiriler. Telegram täze funksiýanyň degişli barlaglary talap edýän ýurtlarda işini dowam etdirmäge kömek etmegine garaşýar.


04.03.2026 12:15
1k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
748

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...

17.02.2026 15:30
2.1k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...

28.01.2026 10:44
2.6k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...