Ogurlanandan 50 ýyl soň XVI asyryň kartinasy Italiýanyň Belluno muzeýine gaýtarylyp berler

  • 25.07.2025 11:44
  • 7.8k+

1973-nji ýylda Italiýanyň Belluno şäherindäki muzeýden ogurlanan Antonio Solarionyň XVI asyra degişli "Eli bäbekli Madonna" kartinasy kanuny eýesine gaýtarylar. Bu barada The Guardian gazeti habar berýär.

Kartina Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Barbara de Dožiniň mülkünde bolup, ony adamsy ogurlyk bolan ýyly edinen eken. 2017-nji ýylda ol kartinany auksiona çykarmaga synanyşypdyr. Hut şonda hünärmenler ony Solarionyň eseri diýip tanapdyrlar. Emma COVID-19 pandemiýasy sebäpli Italiýanyň hökümeti iňlis polisiýasyna eýeçiligi tassyklaýan resminamalary wagtynda berip bilmändir. 2020-nji ýylda eser öňki eýesine gaýtaryldy.
Barbara de Doža, adamsynyň kartinany kanuny esasda satyn alandygyny tassyklap, ony sekiz ýyllap bermekden ýüz öwürdi. Britaniýanyň Könelişen arzalar hakyndaky kanunyna laýyklykda, eger eýesi ogurlanan zady alty ýyldan gowrak saklan bolsa, onda ol zadyň kanuny eýesi diýlip yglan edilip bilner.
Art Recovery International guramasynyň başlygy Kristofer Marinello ýaly hünärmenleriň delilleri zenany yrmaga kömek etdi. Ondan öň ol Matissyň 1987-nji ýylda ogurlanan kartinasyny Şwesiýa gaýtaryp bermäge kömek edipdi.

şu gün 11:17
2.7k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
799

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......