Pepsi täze resept bilen soňky 20 ýylda ilkinji içgisini – Prebiotic Cola-ny hödürledi

  • 24.07.2025 18:02
  • 7.5k+

PepsiCo kompaniýasy klassyk Pepsi-niň täzelenen we peýdaly görnüşi bolan Prebiotic Cola içgisini hödürledi. Täze içginiň düzüminde her bankada 3 gram prebiotik bar diýlip, kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Prebiotikler – bu içegede peýdaly bakteriýalar üçin iýmit bolup hyzmat edýän we olaryň ösmegine hem işjeňligine itergi berýän siňdirilmeýän iýmit komponentleridir. Olar aşgazan-içege ulgamynda siňmeýär-de, ýogyn içegede işläp başlaýar, bu hem mikrobiotany sagdyn saklamaga ýardam edýär we iýmit siňdirişi gowulandyrýar.
Täze içginiň kaloriýalylyk derejesi 30 kaloriýa çenli azaldyldy, onuň düzüminde emeli süýjedijiler ýok, diňe çiňrik şekeri ulanylýar.

“Meşhur gök bankadan başlap, Pepsi Zero Sugar-a çenli biziň önümlerimiz hemişe alyjylaryň isleglerine görä sazlandy. Pepsi Prebiotic Cola – bu öňe indiki ädim: biz alyjylara Pepsi-niň meşhur tagamyny ýitirmezden, saýlamaga mümkinçilik berýäris we peýdaly goşundylary hödürleýäris” – diýlip, ABŞ-da PepsiCo Beverages-iň baş direktory Ram Krişnan belleýär.

Täze içgiler 2025-nji ýylyň güýzünde sekiz bankadan ybarat gaplama görnüşinde satylyp başlanar. 2026-njy ýylyň başynda ol bölek satuw dükanlarynda peýda bolar. Klassykdan başga-da, “ülje-wanil” tagamly görnüş hem hödürlener.
PepsiCo kompaniýasy Lay’s, Doritos, Cheetos, Mountain Dew we SodaStream ýaly brendlere eýeçilik edýär. 2024-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýanyň girdejisi 92 mlrd ABŞ dollaryna barabar boldy. PepsiCo önümleri dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda hödürlenýär.

şu gün 22:32
34

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

şu gün 22:30
63

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

şu gün 22:13
267

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
154

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......