Argentinada geçen awtoýaryşda 4 sürüji  0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi

  • 24.07.2025 17:38
  • 7k+

Argentinada geçirilen Turismo Pista ýaryşynda dört sürüji 0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi. Ýeňijini diňe fotofiniş netijesinde kesgitlemek başartdy diýip, La Dereсha Diario neşiri ýazýar. Ýeňşi iň ýakyn bäsdeşinden bary-ýogy 0,029 sekunt öňürden Chevrolet Onix-li Agustin Kanapino gazandy.

Resmi teleýaýlymyň habaryna görä, ýeňiş ugrundaky göreş iň soňky aýlawa çenli dowam etdi. Ýaryşda ýeňiji bolan Kanapinonyň soň gürrüň bermegine görä, soňky aýlawa girenlerinde ol ýeňişden umydyny üzüpdi, emma şonda-da ol emele egelen pursaty elden bermezlik kararyna gelipdir.
Ol Toyota Etios-ly Týago Martinesden 0,029 sekunt, Renault Clio-ly Hoakin Kafarodan 0,038 sekunt, Toyota Etios-ly Herman Todinodan 0,041 sekunt artykmaçlyk bilen üstün çykdy.
Ýaryş hepdäniň ahyrynda Buenos-Aýresde geçirilen La carrera de los 300 pilot (“300 sürüjiniň ýaryşy”) awtoulag sportunyň çäklerinde 3-nji synpda geçirildi.


05.02.2026 13:23
10k+

Messi Dünýä çempionatyna taýýarlanmak üçin «Inter Maýamidäki» fiziki ýüküni azaldar

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna iň kadaly ýagdaýda gatnaşmak hem-de şikes almak töwekgelçiligini azaltmak üçin «Inter Maýami» klubundaky türgenleşik maksatnamasyny düýpli üýtgetdi. «The Touchline» neşiriniň «X» ulgamynda habar bermegine görä, futbolçy üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň bähbitleri häzirki wagtda klub bähbitlerinden ýokarda durýar...

30.01.2026 10:57
5.2k+

101 müň tomaşaçy: Argentinanyň "Riwer Pleýt" klubunyň stadiony dünýäde ikinji iň uly futbol arenasy bolar

Argentinanyň “Riwer Pleýt” futbol kluby öz öý meýdançasy bolan “Monumental” stadionyny giňeltmek taslamasyna badalga berlendigini yglan etdi. Durkuny täzelemek işleri tamamlanandan soň, arenanyň sygymy 85 müňden 101 müň tomaşaça çenli artar...

19.12.2025 15:21
7.1k+

Messi bilen Ýamal biri-birine garşy oýnap biler: Ispaniýa we Argentina 2026-njy ýylyň martynda Katarda duşuşar

Argentinanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Finalissima oýny 2026-njy ýylyň 27-nji martynda geçiriler. Duşuşyk Doha şäherindäki (Katar) «Lusail» stadionynda bolar. Belli bolşy ýaly, bu oýun Ýewropa we Amerika çempionatlarynyň häzirki ýeňijileriniň arasynda geçirilýär...

16.12.2025 09:53
11k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...