Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri

  • 24.07.2025 17:34
  • 10k+

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) emeli aň boýunça hünärmen Çema Alonsony eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) AI meseleleri we innowasiýa boýunça geňeşçisi edip belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Şeýle wezipä bellemegiň maksady - seljeriş gurallaryny we awtomatlaşdyrylan ulgamlary eminlik ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde CTA-nyň beýanynda Alonsonyň anyk oýunlar üçin eminleri bellemäge gatnaşmajakdygy we VAR-yň işine täsir etmejekdigi bellenildi. Marca neşiri Alonsonyň ozal sosial mediada özüni “Realyň” ölemen janköýeri diýip atlandyrandygyny göz öňünde tutup, bu sözleriň ähmiýetine aýratyn üns çekýär.
2011-nji ýylda ol aşakdaky ýazgylary çap edipdi: "Men madridçi, raulçy we ikerçi" (bu ýerde “Realyň” öňki ýyldyzlary - hüjümçi Raul we derwezeban Iker Kasilýas göz öňünde tutulýar).

"Meniň kemçiligim – men taryhyň iň beýik klubunyň muşdagy. Hala Madrid" – diýip, Alonso ýazdy. Şeýle hem, ol klubuň gepleşikler otagynda düşürilen suratlary çap etdi.

Alonso - maglumat ulgamynyň magistri we howpsuzlyk ylymlarynyň doktory. Ol ElevenPaths kompaniýasyny esaslandyrdy we Telefónica kompaniýasynda ýokary wezipelerde işledi, bu ýerde ol emeli aň, uly maglumatlary gaýtadan işlemek we sanly platformalar bilen baglanyşykly taslamalara gözegçilik etdi.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....