Merkezi Aziýadaky ösüşiň hasabyna Coca-Cola-nyň çärýek girdejisi 58% ýokarlandy

  • 24.07.2025 14:30
  • 6.7k+

Coca-Cola 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi üçin maliýe netijeleri bilen paýlaşdy. Hödürlenen hasabata görä, kompaniýanyň arassa girdejisi 3,8 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58% ýokarydyr. Girdeji 1%, 12,6 mlrd dollara çenli artyp, analitikleriň 12,5 mlrd dollar çaklamasyndan ýokary boldy.

Kompaniýa ikinji çärýekde Merkezi Aziýada, Hytaýda we Argentinada satuwyň ýokarlanandygyny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, Meksikada, Hindistanda we Tailandda satuw pese gaçdy.
Coca-Cola içgisiniň umumy global satuwy Latyn Amerikasynda islegiň pese gaçmagy sebäpli 1% azaldy. Ýöne Ýewropadaky, Afrikadaky we Ýakyn Gündogardaky ösüş munuň bölekleýin öwezini doldy. Coca-Cola Zero-nyň satuwy ähli sebitlerde 14% ýokarlandy.
Beýleki gazlandyrylan içgileriň satuwy, esasan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki pese gaçyş sebäpli 2% azaldy. Çüýşeli suwlaryň satuwy geçen ýylky derejesinde galdy, sport içgileriniňki 3% azaldy. Kofe esasly içgileriň satuwy 1% ýokarlandy.


21.07.2022 14:01
19k+

Boeing Merkezi Aziýa ýurtlaryny geljek 20 ýylda uçarlaryny satyn alyjylaryň sanawyndan aýyrdy

Boeing global ykdysady çökgünligiň perspektiwasy hem-de Russiýa we Merkezi Aziýa uçarlary ibermek bilen bagly näbellilik sebäpli geljek ýigrimi ýylda täjirçilik uçarlary üçin çak edilýän islegi azaltdy. Bu barada...

düýn 17:02
1.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
4.8k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......