Iş berijileriň haýsy hünär başarnyklaryny ileri tutýandygy belli boldy (infografika)

  • 24.07.2025 10:21
  • 4.7k+

Analitik pikirlenme häzirki wagtda iň möhüm hünär başarnygy hasaplanýar. Bu barada “Iş orunlarynyň geljegi 2025” atly Bütindünýä Ykdysady Forumynyň hasabatynda aýdylýar.

Resminamanyň esasy netijeleri 14,1 milliondan gowrak işgäri bolan halkara kompaniýalarynyň 1043 jogabyna esaslanýan infografikada berilýär.
Iş berijileriň 69%-i analitik pikirlenmäni esasy başarnyk diýip bellediler. Soňra çeýeligi we üýtgeşmeleri kabul etmäge ukyplylygy (67%), ýolbaşçylyk ukybyny we jemgyýetçilik täsirini (61%), döredijilikli pikirlenip bilmegi (57%) we öz-özüňi tanap höweslendirmegi (52%) esasy başarnyklar hökmünde görkezdiler.
Şeýle hem ilkinji onluga tehnologik sowatlylyk (51%), üznüksiz öwrenmek (50%), AI-ni bilmek we uly maglumatlar bilen işlemegi başarmak (45%) girdi. Bu başarnyklar sanly gurşawda ugrugyp bilýän we täze wezipelere çalt uýgunlaşyp bilýän hünärmenlere bolan islegiň uludygyny görkezýär.
Adaty başarnyklara zerurlyk o diýen uly däl bolup çykdy - okamak, ýazmak we matematika 21% bal gazandy. Bu barlagyň awtorlarynyň pikirine görä, tehnologik we aň-bilim başarnyklaryna ünsi üýtgetmelidigini görkezýär.

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......