BYD “Interiň” hyzmatdaşy boldy we oýunçylara, tälimçilere hem menejerlere 70 ulag berer

  • 23.07.2025 14:30
  • 8.7k+

Milanyň “Inter” futbol kluby Hytaýyň BYD awtoöndürijisi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. 2028-nji ýyla çenli niýetlenen hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa klubuň oýunçylary, tälimçiler ştaby we top-menejmenti üçin 70 töweregi elektromobil we gibrid hödürlär.

“Biz innowasiýalara we kämillige ymtylýan iki global brendi birleşdirýän hyzmatdaşlygyň başlandygyny habar bermäge şat. Biz BYD-yň hyzmatdaşlyk üçin ilkinji futbol kluby hökmünde hut “Interi” saýlandygyna buýsanýarys. Bu biziň brendimiziň halkara arenasynda özüne çekijiliginiň barha artýandygyny tassyklaýar” – diýip, “Interiň” täjirçilik ösüşi boýunça müdiri Jorjo Riççi belledi.

Şertnama BYD-yň Ýewropa bazaryna ýaýramak, şol sanda DENZA premium brendini ösdürmek boýunça strategiýasynyň bir bölegi bolar. Klub ilkinji bolup BYD Sealion 7 flagman elektromobiliniň aýratyn görnüşini alar. Soň ol giň köpçülik üçin çäkli tiraž bilen çykarylar.
“Interiň” janköýerleri üçin hem BYD awtomobillerini satyn almak we kärendesine almak boýunça ýörite programmalar taýýarlanýar. Hyzmatdaşlyk bilelikdäki halkara çärelerini geçirmegi we auditoriýany çekmek üçin kontent döretmegi-de göz öňünde tutýar.

“Biz hyzmatdaşlygyň üç möwsümden uzak dowam etmegine umyt bildirýäris” – diýip, Riççi aýtdy.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....