HP öz kompýuterlerinde öçürip bolmajak mahabatlary görkezip başlar

  • 21.07.2025 14:02
  • 2.1k+

Iň iri personal kompýuter öndürijileriň üçlügine girýän HP Inc. öz noutbuklarynda we iş stoly kompýuterlerinde öçürip bolmaýan mahabaty görkezmegi meýilleşdirýär. Bu barada HP-iň taslamany öňe sürmegiň strategiýasyny beýan edýän tanyşdyryşyny tapan AdWeek neşiri habar berýär.

Bütin dünýäde her aý 100 milliondan gowrak HP enjamyny ulanýan 830 million töweregi adam bar. Diňe ABŞ-yň özünde aýda 160 million ulanyjysy bolan 19 million töweregi şeýle enjam bar. Her aýda bu markanyň takmynan 2 million täze enjamy peýda bolýar. HP, bazar paýy 20% töweregi bolmak bilen, dünýäniň personal kompýuter öndürijileriniň arasynda ikinji ýerde durýar.
Kompaniýa öz çeşmelerini Microsoft we Kargo ýaly gyzyklanýan kompaniýalara mahabat satmak üçin peýdalanmagy meýilleşdirýär. HP ozal geçen ýylky güýz satuwynda 5 milliondan gowrak tomaşa edilen öz önümlerini mahabatlandyrýan akyp çykýan bannerleri görkezipdi, şonda ulanyjylar 2,6% ýagdaýda linklere basypdylar.
HP ulanyjylaryň hereketleri: haýsy programmalary işe girizýändigi, wideo konferensiýalaryna näçe wagt sarp edýändigi we beýleki maglumatlar baradaky san maglumatyny ulanyp, mahabatyň salgy ugruny gowulandyrmagy umyt edýär. Häzirki wagtda ortaça ulanyjy HP enjamynyň başynda günde üç sagatdan gowrak wagt sarp edýär we iş stoly kompýuterlerinde bolsa wagtyň ep-esli bölegi akymly wideo görmäge bagyşlanýar.
Kompaniýa ulanyjylar üçin mugt boljak, ýöne 6-30 sekunt dowam edýän mahabaty hökmany görnüşde görmegi talap edýän öz akym hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ulanyjylar gyzyklanmalaryna görä wideo saýlap bilerler we ses ýaýlymy hem elýeterli bolar.

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......