Denwer muzeýiniň ulag duralgasynyň astyndan 67 million ýyllyk dinozawryň oňurgasy tapyldy

  • 20.07.2025 17:51
  • 7.9k+

Denweriň Tebigat we ylym muzeýiniň duralgasynda buraw işleri geçirilýärkä  dinozawryň süňküniň galyndylary tapyldy. Tapyndynyň ýaşy, takmynan, 67 million ýyl töweregi diýip, CBS News habar berýär.

Süňk muzeýi geotermal ýyladyşa geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýan ýerinde 230 metr çuňlukdan tapyldy. Muzeýiň paleontologlary munuň hek döwrüniň ahyrynda, köpçülikleýin ýok bolup gitmäniň öň ýanynda ýaşap geçen ot iýýän dinozawryň oňurgasynyň bir bölegidigini kesgitlediler.
Alymlaryň belleýşi ýaly, şeýle galyndylaryň şunuň ýaly çuňlukdan we dinozawrlara ýöriteleşen muzeýe ýakyn ýerden tapylmagy gaty seýrek hadysadyr. Bu işe gözegçilik edijiler şeýle tapyndynyň ähtimallygyny bijäň çykmagy bilen deňeşdirdiler.
Süňküň bölegi diametri 5 santimetr töweregi bolan hokkeý şaýbasynyň şekilinde. Ol Denwer sebitinden tapylan iň gadymy dinozawr galyndysy hasaplanýar. Golaýyndan ösümlik galyndylary hem tapyldy, bu şäheriň häzirki duran ýeriniň öň batgalyk ýer bolandygyny görkezýär.
Tapyndynyň ylmy gymmatlykdygyna garamazdan, awtoulag duralgasynda giň göwrümli gazuw-agtaryş işlerini geçirmek maksada laýyk däl diýip hasaplandy. Tapylan galyndy häzirki wagtda görkezmek üçin muzeýiň özünde goýuldy.

şu gün 22:13
40

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......