Tasmaniýada geçen Beaker Street festiwalynda ýylyň iň gowy ylmy suratlary saýlandy

  • 19.07.2025 17:21
  • 9.3k+

Awstraliýanyň Tasmaniýa ştatynda Beaker Street festiwalynyň çäginde geçirilen ylmy surat bäsleşigini gurnaýjylar ýeňijileriň atlaryny mälim etdiler.

Sanawa tebigatyň, makro dünýäniň gözelligini we köpdürlüligini görkezýän suratlar, şeýle hem ylmy takyklyk we çeperçilik garaýşy bilen surata düşürilen  hadysalar girdi.
Finalçylar:

"Nahar wagty" - iki ýyrtyjy bilen bir oljanyň gatnaşygy: ak garyn deňiz bürgüdi deňiz pişiginiň agzyndan balygy kakyp alýar / © Lili Barnett

Tasmaniýa goraghanasynyň depesindäki Akmaýanyň ýoly / © Dewid Nolan

Tasmaniýa, Iglhok-Hekiň asmanyndaky Polýar şapagy  / © Jordan Kripps

"Deňiz möýi" - Pallenella ambigua nusgasynyň suraty / © Nikolas Horniblou

Beýikligi üç millimetrlik Lamproderma gracile  Nemlijeler / © Sara Lloýd

Deňiz ýyldyzynyň fonundaky Forsterygion varium balyjagy ( Coscinasterias muricata )  / © Rosa Mariýa Kaýedo-Apolaýýa

Deňiz slizeni ( Sacoproteus smaragdinus ) / © Elison Maknis

Düwürtikli torbaly samyryň biofloressensiýasy (Dasyurus viverrinus) gysga uzynlykdaky tolkunyň ýagtylygy siňdirmegi we has uzyn ýagtylygy çykarmak hadysasy / © Ben Oldrij

Lişaýnigiň makro suraty / © Matilda Frensis

Nothofagus gunnii-iň (ýapraklary dökülýän buk) dökülen ýapraklarynyň kertik gyralaryndaky Gyraw / © Çelsi Bell

"Aerodinamiki dartyş " / © Dion Skenlon


31.12.2025 08:50
6.8k+

Ýewropa kosmos agentligi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny görkezdi

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) guramanyň esasy taslamalaryny we ylmy barlaglaryny özünde jemleýän 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynyň ýygyndysyny hödürledi. Çap edilen kadrlaryň arasynda Germaniýadaky LUNA desgasynda astronawtlaryň türgenleşik pursatlary bar...

şu gün 08:10
2.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.1k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....