Sazanda Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny aldy

  • 17.07.2025 14:33
  • 3.3k+

Sazanda we Louis Vuitton-yň erkekler hatarynyň direktory Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny – Hormatly legion ordenini aldy. Bu barada ýurduň hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

2023-nji ýylda aýdymçy, prodýuser we telekeçi iň uly fransuz moda öýleriniň birinde erkekler hatarynyň döredijilik direktory wezipesine bellendi. Şondan soň ol aýaly we dört çagasy bilen bilelikde Pariže göçdi.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy Bastiliýanyň eýelenen güni geçirildi. Şol gün jemi 588 adam – sungat, ylym, medeniýet we jemgyýetçilik başlangyçlarynyň wekilleri ordeniň kawalerleri boldy.
Baýrak alanlaryň arasynda fransuz jemgyýetinde uly gopgun döreden kazyýet işine gatnaşan Žizel Peliko hem bar.
Hormatly legion ordeni 1802-nji ýylda Napoleon I tarapyndan esaslandyryldy we Fransiýa Respublikasynyň öňündäki aýratyn hyzmatlar üçin berilýär. 

şu gün 22:13
21

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......