Hermés-den iň gymmat Birkin ýantorbasyny satyn alyjynyň ady belli boldy

  • 16.07.2025 12:55
  • 6.4k+

Sotheby’s auksionynda Hermés Birkin ýantorbasy üçin kimiň rekord 8,58 mln ýewro (10 mln dollar) töländigi belli boldy. Bu torba indi Allu ýapon kompaniýasynyň başynda duran Valuence Japan kompaniýasyna degişlidir. Bu gurama ulanylan kaşaň predmetleri satyn almak bilen meşgullanýar.

Gürrüň aktrisa we Hermés brendi üçin ylhama öwrülen Jeýn Birkine degişli bolan gara deri ýantorbasy barada gidýär. Auksion 10-njy iýulda boldy. Ozal alyjy hökmünde ady näbelli ýapon kolleksioneri agzalypdy. Şeýle-de, satyn alyjynyň, aslynda, Loren Sançes-Bezosdygy barada gürrüňler peýda boldy.

“Biz bu ýantorba güýjüň, köpdürlüligiň we özüňe bolan ynamyň nyşanyna öwrüler diýip umyt edýäris” – diýip, Valuence Japan-yň prezidenti we baş direktory Şinsuke Sakimoto torbanyň satyn alynmagyna teswir berdi.

Kompaniýa aksessuary gaýtadan satmagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy. Munuň tersine, torba giň köpçülige elýeterli medeni miras obýekti hökmünde hödürlener. Ýakyn wagtda Birkin modeli Tokioda geçiriljek metbugat maslahatynda görkeziler.
Mundan başga-da, Valuence Japan Ýewropa bazaryna çykmak we 14 ýurtda täze platforma açmak meýilnamalary barada yglan etdi. Kompaniýa diňe bir reseller hökmünde däl, eýsem häzirkizaman medeni taryhyň goragçysy hökmünde ösmek isleýär.
Moda pudagynyň wekilleri bu satyn alşyň “häzirkizaman taryhynda iň gymmat PR wakalarynyň biri bolandygyny” belledi.

şu gün 22:13
15

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
18

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......