Hindistanyň iň baý adamy Mukeş Ambani telewizorlary kompýutere öwürmek isleýär

  • 16.07.2025 11:41
  • 8.1k+

Reliance Industries konglomeratynyň düzümine girýän Jio Platforms hindi kompaniýasy telewizion pristawkalary ulanyjylar üçin wirtual PK hyzmatyny işe girizdi. Başlangyç Hindistanda millionlarça telewizorlary şahsy kompýuterlere öwürmäge gönükdirildi diýip, TechCrunch ýazýar.

Taslama Reliance-iň dolandyryş başlygy Mukeş Ambaniniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýär.
JioPC atly täze hyzmat bulut infrastrukturasynyň esasynda işleýär we Jio pristawkasy arkaly elýeterlidir. Pristawkany giň zolakly internete birigip, mugt almak ýa-da 65 dollara aýratyn satyn almak bolýar. Häzirki wagtda JioPC synag režiminde elýeterli: ulanyjylar kompaniýanyň saýtynda arza galdyryp biler we tassyklanandan soň wirtual iş stoluna elýeterli bolar. Ony ulanmak üçin telewizora klawiaturany we syçanjygy birikdirmeli.
Hyzmatyň käbir çäklendirmeleri bar: ol kameralar we printerler ýaly daşarky gurluşlary götermeýär. Resminamalar bilen işlemek üçin LibreOffice, Microsoft Office programmalaryny ulanmak üçin bolsa web-brauzer ulanylýar.
Maglumatlara görä, Hindistanda öý hojalyklarynyň, takmynan, 70%-inde telewizor bar, kompýuter bolsa bary-ýogy 15%-inde duş gelýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda adaty telewideniýe bazary kiçelýär: mart aýyna çenli ýagdaýa görä, ony ulanyjylaryň sany ýyllyk hasabynda 8% azaldy. Hindistanda tölegli TW pristawkalaryny işjeň ulanyjylaryň sany, takmynan, 47 mln, Jio-nyň umumy ulanyjy bazasy bolsa 488 mln adamdan geçýär.
JioPC-niň kömegi bilen kompaniýa millionlarça adamyň telewizorlary kompýuter ýaly ulanmagyna mümkinçilik bermek isleýär. 


şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
5.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....