11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy.
Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredilýär diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen M.Çakyýew bellenildi.
Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedow Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellenildi.
Begenç Meretgeldiýewiç Annadurdyýew Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellenildi.
Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýew Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellenildi.
Döwran Reimbaýewiç Saburow «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Azat Hallyýewiç Şanazarow Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işi bes edildi.
«Türkmenhowaýollary» agentligi we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýlip atlandyrylar hem-de olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berler.
Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň iki orunbasary, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň üç orunbasary, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň iki orunbasary, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary bolar.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde:
- Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;
- Şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.