Jastin Biber “Swag” albomyny we Skylrk brendiniň ilkinji kolleksiýasyny çykardy

  • 11.07.2025 18:24
  • 3.3k+

Jastin Biber täze “Swag” albomyny çykardy. Albom aýdymçynyň diskografiýasynda ýedinji boldy. Şol bir wagtyň özünde Biber täze “Skylrk” eşik brendinden ilkinji kolleksiýany hödürledi.

Alboma 21 aýdym, şol sanda Druski, Gunna, Sexyy Red, Cash Cobain we beýleki artistler bilen bilelikdäki aýdymlar girdi. Prodýuserler hökmünde Dijon, Mk.gee, Knox Fortune we Daniel Caesar çykyş etdi. Aýdymlaryň arasynda All I can takeStanding on businessDaisiesYukonGo BabyThings You Do we beýlekiler bar.
“Swag” Biberiň öňki albomlaryndan tapawutlanýar: ol has tukat we şahsy boldy. Sosial ulgamlary ulanyjylar aýdymlaryň örän emosionaldygyny belledi. Hususan-da, Daisies we Yukon aýdymlary halandy. Käbir diňleýjileriň bolsa, albom göwnünden turmady.
Biber reliz bilen baglylykda aýaly we ogly Jek Blýuz bilen düşen suratyny hödürledi.
Biberiň mundan öňki albomy Justice 2021-nji ýylda çykypdy. Şeýle-de, onuň My World 2.0 (2010), Under the Mistletoe (2011), Believe (2012), Purpose (2015) we Changes (2020) albomlary bar.
Albomyň relizi bilen bir wagtda diýen ýaly hödürlenen Skylrk brendiniň kolleksiýasyna hudi, maýkalar, başgaplar, äýnek we aýakgap girýär. Olar gülgüne, sary, gyzyl, gök we gara reňklerde ýerine ýetirildi. Harytlar brendiň resmi saýtynda eýýäm elýeterli.
Biber özüniň ikinji moda brendini 2023-nji ýylyň dekabrynda döretdi. Hypebeast-yň bellemegine görä, onuň 2018-nji ýylda Raýan Gud bilen bilelikde döredilen Drew House-dan nähili tapawutlanjakdygy belli däldi. Ýöne soň aýdymçy onuň öz döredijilik garaýyşlaryna laýyk gelmeýändigini aýdyp, köne taslamadan ýüz öwürdi.

 

şu gün 22:13
33

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......