“Ýüzükleriň hökümdary” filminiň režissýory ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyga 15 million dollar goýdy

  • 11.07.2025 11:01
  • 6.2k+

Täze zelandiýaly režissýor Piter Jekson (“Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” trilogiýasy) we onuň hyzmatdaşy Fren Uolş ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyk boýunça taslama 15 million dollar maýa goýdy diýip, Forbes habar berýär.

Taslama Ngai Tahu Research Centre bilen hyzmatdaşlykda Colossal Biosciences tarapyndan amala aşyrylýar. Alymlar olara ýakyn garyndaşlykdaky häzirki zaman görnüşleri bolan tinamuny we emuny ulanyp, gadymy moa meňzeş genetiki taýdan üýtgedilen guşlary döretmegi meýilleşdirýärler.
Birinji tapgyr moanyň galyndylaryndan DNK-ny çykaryp almakdan we häzir ýaşap ýören guşlaryň DNK-sy bilen deňeşdirmekden ybarat bolar. Şondan soň hünärmenler düwünçejigiň ösüşindäki kynçylyklary ýeňip geçmegi we boýy üç metrden gowrak guşlary köpeltmegi niýet edinýärler.
Moa guşlary Täze Zelandiýanyň Günorta adasynda ýaşap geçipdir we polineziýalylaryň awlandygy sebäpli XVI asyrda ölüp gutarypdyr. Häzirki wagtda olaryň maori taýpasyndan bolan nesilleri görnüşi janlandyrmak taslamasyna gatnaşýarlar.
Colossal Biosciences ozal Demirgazyk Amerikanyň gorkunç möjegini janlandyrmagy we mamont sütükli syçanlary köpeltmegi başarypdy, ýöne kompaniýa guşlar babatda bu meseläniň birneme kyndygyny belleýär.

şu gün 14:38
1.5k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

şu gün 08:10
3.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.4k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....