Mattel kompaniýasy 1-nji görnüşli süýjüli diabetli «Barbie» gurjagyny çykardy

  • 10.07.2025 18:45
  • 3.5k+

Mattel kompaniýasy taryhda ilkinji gezek 1-nji görnüşli diabetli (süýji kesel) Barbie gurjagyny hödürledi diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Täze gurjak «Breakthrough T1D» atly täjirçilik däl gurama bilen bilelikde taýýarlanyp, ol çagalaryň özleri bilen oýunjaklaryň arasynda bir umumylyk tapyp bilmegi üçin döredilipdir. Bu brendiň inklýuziwlige bolan ymtylmasyny görkezýär.

Gurjagyň golunda gülgüne ýürek şekilli lukmançylyk lentasy bilen berkidilen glýukoza monitory (gandaky şekeri ölçemek üçin ýörite enjam) bar, şeýle hem insulini awtomatiki usulda berýän insulin pompasy (nasosy) bar. Şonuň bilen bilelikde, gandaky şekeriň derejesini gözegçilikde saklaýan programma üpjünçiligi bolan smartfon we zerur zatlary saklamak üçin torba hem topluma girýär.
Mattel-niň wekilleri şeýle gurjagyň diabetli çagalara özleriniň kabul edilýändigini we hemmeleriň olaryň ýagdaýyna düşünýändigini duýmaklaryna ýardam berýändigini aýtdylar.
Barbie Fashionistas hatarynda häzirki wagtda 175-den gowrak görnüş bar. Olaryň arasynda maýyplygy bolan, dürli daşky keşpli we etniki gelip çykyşly gurjaklar hem bar. Mattel ozal Daun sindromly, protezli, witiligoly (derisi tegmilli), eşidiş enjamly we görüş kynçylygy bolan gurjaklary hem çykarypdy.

şu gün 22:13
33

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......