Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 09.07.2025 19:57
  • 6.2k+

Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň emin agzalary ýaryşda ýeňiş gazanan fotosuratlaryň adyny mälim etdiler.

Bäsleşige gatnaşan suratlar tebigatyň gözelligini we dartgynly pursatlaryny özünde jemleýär. Her bir surat haýwanat dünýäsinden özboluşly wakany beýan edýär, şol sanda jandarlaryň durmuşyndaky şatlykly, kynçylykly, dartgynly ýa-da howsalaly ýagdaýlary açyp görkezýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

1-nji orun: «Pyşbaganyň tagty» / © Lui Rihter

2-nji orun: «Tebigatyň kanunyna görä» / © Sýaopin Lin

3-nji orun: «Başararsyň» / © Barbara Keýs

Emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan suratlar:

«Kiçijik dostluk goldawy» / © Waleri Noýman

«Suwuk aýnaň öňünde» / © Riçard Werroen

«Ýel doganlary» / © Çarlz Ýanson

«Typanjak ýapgytda» / © Nikita Çiçerin

«Nahar wagty» / © Fabi Fregonesi

«Nägilelik» / © Barbara Keýs

«Üns merkezinde» / © Jaýakumar M.N.

«Gapjama» / © Fabi Fregonesi


23.03.2026 22:21
4.8k+

Mr. Pringles we süýri totuguş: Nikon Comedy Wildlife Awards-yň gülkünç suratlary

Nikon Comedy Wildlife Awards fotosurat bäsleşigi 2026-njy ýyl üçin suratlaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi. Bu mynasybetli guramaçylar 2025-nji ýyldaky bäsleşige gelip gowşan, öň çap edilmedik gyzykly suratlary görkezdiler...

21.03.2026 02:08
2.7k+

Guşlar, tilkiler we duman: Nandagang surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Hytaýdaky Nandagang suw-batgalyk ýerleri dünýäniň iň gowy suratçylarynyň ünsüni özüne çekýän ýere öwrüldi. Olar bu tebigat goraghanasyna bagyşlanan uly halkara bäsleşigine gatnaşdylar. Gündogar Aziýa-Awstraliýa migrasiýa ýolunda ýerleşýän bu özboluşly ýer göçegçi guşlar üçin möhüm dynç alyş nokady bolup hyzmat edýär we ýabany tebigatyň el degrilmedik keşbini saklap gelýär...

18.03.2026 16:49
7k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

16.03.2026 14:30
3.3k+

Beýik Britaniýada BWPA-2026 fotosurat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

British Wildlife Photography Awards baýragynyň guramaçylary Beýik Britaniýanyň tebigatyna bagyşlanan, her ýyl geçirilýän BWPA-2026 bäsleşiginiň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary yglan etdiler...