“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi

  • 09.07.2025 12:22
  • 4.7k+

"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada  dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi. Film 2025/26 möwsümde surata düşürilip başlanmalydy.
Amazon “hemme ýerde baryp bilmek” kategoriýaly ygtyýarnama bilen topara çäklendirilmedik giriş soraýardy. Bu şertnama Amazonyň “Hemme zat ýa-da hiç zat” tapgyryndan bolan dokumental taslamanyň taryhynda iň ulusy bolmalydy. Kompaniýa öň “Arsenal”, “Mançester Siti” we “Tottenhem” filmlerini surata düşüripdi.
Çeşmäniň habaryna görä, bu şertnama klubuň eýeleri bolan INEOS kompaniýasy, täjirçilik bölümi hem-de baş direktory Omar Berrada tarapyndan goldanylypdy. Klubuň bergileri 700 million ýewrodan ýokary bolup, Premýer-ligada 15-nji orny eýeläninden soň, Ýewropanyň kubogyna gatnaşmaýanlygy sebäpli ýolbaşçylar bu taslamany girdeji gazanmagyň bir ýoly hasapladylar. Emma, tomsuň başynda gepleşikler bes edildi. Munuň esasy sebäbi hökmünde baş tälimçi Ruben Amorimiň garşy çykmagy görkezilýär. Amorim filmi düşürijiler oýunçylaryň ünsüni sowar we iş atmosferasyny bozar diýip hasaplapdyr.


düýn 11:41
6.3k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

14.01.2026 09:43
2.7k+

Maýkl Karrik «Mançester Ýunaýtediň» wagtlaýyn baş tälimçisi bellendi

«Mançester Ýunaýtediň» öňki ýarymgoragçysy Maýkl Karrik klubuň wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni häzirki möwsümiň ahyryna çenli eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär. 44 ýaşly hünärmen beýleki dalaşgärden – klubuň öňki tälimçisi Ule-Gunnar Sulşerden öňe geçdi...

10.01.2026 18:57
5.6k+

«ManÝunaýted» işden çykaran tälimçileriniň öwez tölegine £100 mln töweregi sarp etdi

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby topardan ser Aleks Fergýuson gideni bäri tälimçileriň we olaryň kömekçileriniň öwez tölegine, takmynan, 100 mln funt sterling (115 mln ýewro) sarp etdi. Şeýle maglumaty The Telegraph neşiri berýär...

08.01.2026 21:00
3.3k+

«ManÝunaýtediň» öňki tälimçisi «Twenteniň» tehniki müdiri wezipesini eýelär

Erik ten Hag resmi taýdan Niderlandlaryň «Twente» klubunyň tehniki müdiri wezipesine bellendi. Ol 2026/27 möwsüminiň başyndan öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmäge girişer, ýöne klubuň işine 1-nji fewraldan goşular...