Billi Aýliş 400 müň futbolkany gaýtadan işlemäge iberer

  • 09.07.2025 10:38
  • 6.7k+

Billi Aýlişiň öňki konsert syýahatlaryndan 400 müň töweregi ulanylmadyk futbolka 280 müň sany täze önüm döretmek üçin gaýtadan işlener. Bu barada Fast Company habar berýär.

Taslama artistler bilen bagly egin-eşikleriň we ýadygärlik sowgatlarynyň satuwyna jogap berýän Universal Music Group kompaniýasynyň Bravado bölümçesi tarapyndan durmuşa geçiriler. Futbolkalar Marokkodaky Hallotex fabrikasyna iberiler, bu ýerde olar täze kolleksiýa üçin süýüme öwrüler.
Aýdymçynyň ejesi Meggi Berd ekologik başlangyçlaryň Billi üçin karýerasynyň başyndan bäri möhüm bolandygyny aýtdy: “Biz egin-eşikleri ol meşhur bolmanka gaýtadan işlemegi teklip etdik. Bu daşy daga uzak wagtlap iteklän ýaly boldy”.
Öz çykyşlaryndan öň Aýliş, köplenç, wideo görkezip, onda öz ekologiýa işleri we durnukly önümçilige çemeleşmesi barada gürrüň berýär. 

şu gün 22:13
21

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......