Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady

  • 07.07.2025 11:34
  • 2.8k+

Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär.

Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär. Tehnologiýa "baý, çuň basy" hem, "arassa ýokary ýygylyklary" hem üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde ulanyjy daşarky sesleri hem eşitmegini dowam edýär.
Äýnekleriň çarçuwasy berk plastmassadan ýasalan. Enjamyň agramy 40 gram. Dužkalarynyň ergonomiki şekili we sazlanyp bilinýän burun ýassygy uzak wagtlap dakmak üçin niýetlenendir. Dužkasyndaky sensor paneli aýdym-saz diňlemäge we jaňlara jogap bermäge mümkinçilik berýär. Äýnek çykarylan wagtynda gurlan datçikleriň kömegi bilen saz awtomatiki ýagdaýda ýaňlanmasyny goýýar.
Garaşma tertibinde enjam zarýad berilmesiz - 11 güne çenli, ses diňlenende bolsa 10 sagada çenli işleýär. Zarýad bermek magnitli Pogo Pin enjamy arkaly amala aşyrylýar.
Aýnalar çyglylykdan we tozandan goramak boýunça IP54 ülňüsine laýyk gelýär, bu bolsa ony islendik howada ulanmaga mümkinçilik berýär. Enjamyň bahasy 86,54 dollar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...