Opera brauzeri 40 dilden üznüksiz terjimä we beýleki gowulaşmalara eýe boldy

  • 06.07.2025 14:47
  • 1.4k+

Opera web brauzeriniň iň soňky - 120 wersiýasy çykdy we beta synag tapgyryny tamamlady. Täze wersiýa Chromium kodunyň 135 wersiýasyna esaslanýar.

Esasy täzelik, rus dilini goşmak bilen, 40-dan gowrak dili goldaýan içerki terjime funksiýasydyr. Işläp taýýarlaýjylaryň maglumatyna görä, terjime Lingvanex bilen hyzmatdaşlykda emeli aňyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär we Opera-nyň Ýewropa serwerlerinde işlenýär. Şol bir wagtyň özünde, bellenilişi ýaly, ulanyjy maglumatlary üçünji taraplara geçirilmeýär.
Beýleki üýtgeşmelere parollary dolandyrmagyň gowulanmagy, täzelenen “Bölünen ekran” (Split Screen) režimini, “Goşmaça sahypa adalary” (Tab Islands) firma funksiýasynyň  täzeden işlenen interfeýsi, wideolar üçin täze mini-pleýer we beýleki gowulanmalar girýär.
Şeýle hem, Opera 120-de JavaScript V8 hereketlendirijisinde tapylan CVE-2025-6554 nol günlük gowşaklyk düzedildi.
Üýtgeşmeleriň we täze mümkinçilikleriň jikme-jik sanawy resmi Opera web sahypasynda elýeterlidir.

şu gün 22:13
15

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
18

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......