Astronom tutuş Älemiň “aýlanmagynyň” alamatlaryny tapdy

  • 05.07.2025 18:34
  • 3.8k+

Amerikaly astronom, ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň ylmy işgäri Waleriý Makarow tutuş Älemiň aýlanýandygyna mümkin bolan subutnamalary tapandygyny aýdýar. Üstesine-de, aýlanma ugry ençeme gezek üýtgän bolmaly diýip, Nature Astronomy žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, TASS habar berýär.

Makarow maşyn bilimi ulgamynyň kömegi bilen galaktikalar, kwazarlar we gara girdaplar ýaly uzakdaky 1,57 mlrd obýekte çenli aralygy kesgitledi. Ol GAIA we WISE obserwatoriýalary tarapyndan alnan optiki we infragyzyl diapazondaky suratlary ulandy, şeýle-de algoritmi 280 müň kwazar baradaky maglumatlaryň üsti bilen “okatdy”.
Astronom 7,7, 10,4 we 11,5 mlrd ýagtylyk ýyly aralygyndaky obýektleri öwrendi. Hasaplamalar olaryň köpüsiniň şol bir ugra hereket edýändigini görkezdi, bu bolsa Älemiň giňelmegi baradaky adaty pikirlere laýyk gelmeýär.

“Adatça Älemiň giňelmek prosesinde obýektler wagtyň geçmegi bilen diňe göni ugur boýunça hereket edýär diýlip hasaplanýar, netijede galaktikalar kem-kemden biri-birinden “gaçýar”, ýöne olaryň giňişlikdäki otnositel orny üýtgemeýär. Eger olar gapdallara hereket edýän bolsa, onda bu nusgawy kosmologiýanyň we kosmologiki ýörelgäniň ýalňyşdygyny görkezýär” – diýip, Makarow ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde alym şeýle netijäniň GAIA-nyň maglumatlaryndaky ýa-da beýleki astrometrik maglumatlaryň çeşmelerindäki ýalňyşlyklaryň netijesinde alnyp bilnendigini hem ret etmeýär. Şonuň üçin, alymyň aýtmagyna görä, bularyň ählisini has takyk kosmos gözegçilikleriniň kömegi bilen barlamak gerek. 


şu gün 14:38
1.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....