Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

  • 02.07.2025 11:13
  • 2.3k+

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär.

Doppl-y ulanmak üçin ör boýuňa dik duran suratyňy ýüklemeli. Ulanyjy soňra suratlardan eşik saýlap biler - bular onlaýn dükanlaryň suratlary, ekran suratlary ýa-da beýleki adamlaryň egnindäki eşikleriň suratlary bolup biler. Programma saýlanan eşiklerde ulanyjynyň wizual görnüşini döredýär, şeýle hem eşigiň hereketdekäň nähili görünjekdigini görkezmek üçin AI ulanyp statiki şekilleri gysga wideolara öwrüp biler.
Kompaniýa Doppl-yň ozal wirtual geýip görmek funksiýasyny hödürlän Google Shopping hyzmatynyň tehnologiýasyna esaslanýandygyny aýtdy. Google-yň pikiriçe, özbaşdak programma bu funksiýa girişi aňsatlaşdyrýar we prosesi has interaktiwleşdirýär, ulanyjylara öz stilini gyzykly görnüşde öwrenmäge mümkinçilik berýär.

"Doppl size öz stiliňizi täze we tolgundyryjy usullar bilen öwrenmäge kömek eder diýip umyt edýäris. Google Labs synagynda Doppl ösüşiniň başlangyç tapgyrynda we ähli zady dogry edip bilmez. Geýimleriň eginde oturyşy, daşky görnüşi, geýimleriň bölekleri hemişe takyk bolup bilmez " – diýip, Google öz blogunda belleýär.

Doppl-yň ABŞ-nyň daşyna satuwa çykaryljagy-çykarylmajagy we munuň nä wagt bolup biljekdigi entek belli däl.


şu gün 06:25
417

Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi...

düýn 18:42
773

Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär

Netflix emeli aň tehnologiýasy arkaly şahsylaşdyrylan treýlerleri we interaktiw filmleri döretmegiň üstünde işleýär. Muňa  kompaniýanyň täze patentleri şaýatlyk edýär diýip, Business Insider habar berýär. Dekabr aýynda berlen bir patentde her bir ulanyjy üçin şol bir filmiň treýlerleriniň dürli wersiýalaryny döretmegiň mümkindigi beýan edilýär...

03.07.2025 14:56
2.5k+

Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar

Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy...

02.07.2025 14:07
4.9k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär...