Xiaomi 339 dollardan Snapdragon 8s Gen 4 çipli Poco F7 smartfonyny çykardy

  • 26.06.2025 18:51
  • 5.9k+

Xiaomi täze smartfony — Poco F7-ni hödürledi. Täze enjam mart aýynda çykarylan F7 Ultra we F7 Pro modelleriniň üstüni ýetirdi.

Smartfon 4 nm tehnologiýasynda öndürilen sekiz ýadroly Snapdragon 8s Gen 4 prosessorynda işleýär we AnTuTu testinde 2 milliondan gowrak bal toplapdyr. Modelde 6000 mm² meýdany bolan buglaşdyryjy kamera arkaly işleýän 3D Dual-Channel IceLoop sowadyş ulgamy ornaşdyrylandyr — bu Poco F seriýasyndaky iň ulusydyr.
Poco F7 modeli 12 GB operatiw ýat we 256 ýa-da 512 GB fleş ýat bilen üpjün edilýär. Smartfon 6,83 dýuýmlyk ekrana eýe bolup, onuň görkezişi 2772×1280 piksel, täzelenme tizligi 120 Hz-e çenli, ýagtylyk derejesi bolsa 3200 nit-e ýetýär. Ekran Sunlight Display 4.0 we Wet Touch Display 2.0 tehnologiýalaryny goldaýar we TÜV Rheinland tarapyndan üç ugur boýunça sertifikatlaşdyrylandyr. Ýagny, gök ýagtylygyň pes derejesi, titremezlik we döreýiş ritmlerine laýyklyk. Bu aýratynlyklar uzak wagtlyk ulanmalarda hem gözüň ýadamagynyň öňüni alýar. Ekran Corning Gorilla Glass 7i bilen goralan.

Baş kamera 50 MP-lik Sony IMX882 datçigini ulanýar (1/1,95 dýuým), optiki durnuklaşdyryş bilen üpjün edilendir. Şeýle-de, 26, 35 we 52 mm ýaly dürli fokus aralyklary bar. UltraSnap we Live Photo funksiýalary has ýokary hilli surata düşürmegi üpjün edýär. AI Beautify emeli aň funksiýasy suratlaryň hilini ýokarlandyryp, reňk tonuny, aýdyňlygyny, garşylygyny we ýagtylyk derejesini sazlap, sahnalaryň jikme-jikligini artdyrýar. Ön kamerasynyň durulygy — 20 MP.
6500 mA·s batareýasy 90 W tiz zarýadlamany (30 minutda 80 %) we 22,5 W tersine zarýadlamany goldaýar.

Enjam Xiaomi HyperOS 2 ulgamynda işleýär, WildBoost 4.0 optimizasiýa tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Smartfon IP68 derejesindäki gorag bilen enjamlaşdyrylan, 70 kg çenli basyşa çydamly we ekrana ornaşdyrylan barmak yzy skanerine eýe.
Poco F7 gara, ak we kümüş reňklerde elýeterlidir. Bahasy 256 GB wersiýasy üçin $399-dan başlanýar. 512 GB wersiýasynyň bahasy bolsa $449. Başlangyç satuwda enjam $339-dan elýeterli bolar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...