Ford aýal-gyzlaryň moda brendi bolan Alice + Olivia-nyň äheňinde Bronco hödürledi

  • 26.06.2025 14:11
  • 5.2k+

ABŞ-da Ford Bronco-nyň alyjylarynyň 30% töweregi - zenanlar. Zenanlaryň arasynda modeliň täsirini has-da artdyrmak üçin awtoulag öndürijisi Alice + Olivia moda brendi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny yglan etdi.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bronco syýahatyndan ruhlanan printleri we ýamalary öz içine alýan Alice + Olivia + Bronco atly egin-eşik toplumy döredildi. Ford hem öz gezeginde iki sany kastom wnedorožnigini - Storm Floral-y we Denim Chevron-y hödürledi.
Bronco Storm Floral modeli kuzowynyň gül nagyşly açyk reňkleri bilen tapawutlanýar. Içinde agaja meňzeş dolandyryş paneli bar, altyn reňkli tutawaçlar goýlan, ruly we geçirişiň selektory dekoratiw bölekler bilen bezelen. Salony ak deriden iki tonly oturgyç bilen enjamlaşdyrylandyr.


Ikinji modeliň - goýy gyzyl reňkli Denim Chevron-yň oturgyçlarynyň ýüzüne gök jinsi mata çekdirilen. Bezegde düýe derisi ulanylýar. Ätiýaçlyk tekeriň daşlygyna dekoratiw stikerler ýerleşdirildi.

"Bu wnedorožnik aýal-gyzlaryň diňe bir çölleri, alaňlary, dag ýollaryny we tokaý ýodalaryny boýun egdirmek bilen çäklenmän, eýsem gapylary açyk we üçegi aýrylan halda, erkinligi hem-de hezilligi duýup, kenarda Bronco-dan lezzet alyp biljekdigini görkezmek üçin döredildi" -diýip, Ford-uň dizaýny boýunça umumy döredijilik direktory Lori Madeý belledi.


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....