"Death Stranding 2" tankytçylary haýran galdyrdy. Oýna “sungat eseri” diýip baha berildi

  • 25.06.2025 15:35
  • 4.8k+

26-njy iýunda çykarylmagy meýilleşdirilýän "Death Stranding 2: On the Beach" oýny tankytçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Metacritiс-de Hideo Kodzimanyň täze taslamasynyň 94 syn esasynda 90 baly bar - diňe üçüsi garyşyk, galanlary oňyn. OpenCritic-de hem ortaça 90 bol alyp, synçylaryň 97%-i bu taslamany maslahat berýärler.
Tankytçylar gyzykly ýordumynyň, gahrymanlarynyň oňat hilli işlenendigini, wizual effektleriniň we durnukly tehniki öndürijiliginiň bardygyny belleýärler - PS5-de Performance režiminde oýun sekuntda 60 kadrda işleýär. Birinji bölümiň ähli elementleriniň diýen ýaly gowulaşandygy nygtalýar. Haýwanlaryň peýda bolmagy we daşky gurşawa täsir edýän tebigy betbagtçylyklar sebäpli dünýä hasam janly görnüşe eýe boldy.
Metacritic-iň berýän maglumatlaryna, 26 tankytçy oýna iň ýokary baly berdi. "The Times" oňa oýnuň hereketini, gizlinligini we taktiki elementlerini, şeýle hem uly göwrümli söweşlerini aýratyn öwüp, bäş ýyldyz berdi. "The Guardian" bu oýny simwolizmli, ses dürlülikli we dünýäni oýlanyşykly öwrenýän arthaus diýip atlandyrdy.
Käbir synçylar gowşak taraplaryny - gaýtalanýan böleklerini, oýnuň birsydyrgynlygyny, ýönekeýleşdirilen söweş ulgamyny we ýordumynyň süýdürilendigini görkezdiler. IGN Fransiýa çylşyrymlylygynyň peseldilmegi oýny aňsatlaşdyrandygyny göz öňünde tutup, taslama 60 bal berdi. Restart.run hem söweşleriň çenden kändigini görkezip, taslama 60 bal berdi.
Oýun, takmynan, 80 sagatda geçilýär. Oýna rusça ses berip bolýar. PS5-iň deslapky sargyt eýeleri eýýäm taýtla eýe boldular.
Asyl Death Stranding Metacritic-da başlangyç baly 82 boldy. Häzirki wagtda bu görkeziji saklanýar, ulanyjy reýtingi bolsa - 7,4.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......