Honda harytlary daşamak üçin niýetlenen pedally ýük kwadrosiklini döretdi

  • 22.06.2025 18:08
  • 8.1k+

Honda kompaniýasy şäher şertleri üçin ýörite işlenip düzülen täze eQuad elektrikli kwadrosiklini görkezdi. Bu model welosiped ýollarynda hereket etmek we ýükleri daşamak üçin niýetlenendir.

Ykjam dört tigirli ulag serişdesi sürüjiniň oturgyjynyň yzynda ýerleşýän ýük bölümi we welosiped pedallary bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň hödürleýän amatlyklarynyň arasynda ultramelewşe örtükli we keramiki öwüşgünli aýna, wentilýator hem-de yzky görüş aýnasy bar. eQuad-yň iň ýokary tizligi 20 km/sag bilen çäklendirilýär, iň kuwwatly görnüşiniň bir gezeklik zarýad bilen geçip bilýän aralygy bolsa 37 km ýetýär.
Kwadrosikl Honda Mobile Power Pack hereketlendirijsi bilen işleýär we 30 sekuntda çalşyp bolýan ätiýaçlyk batareýalar bilen üpjün edilýär. Güýç ulgamy «elektron dolandyryşly pedal» hökmünde beýan edilýär.
Ulagyň ölçegleri we ýük göterijiligi onuň konfigurasiýasyna baglydyr. Iki görnüşli ýük konteýneri hödürlenýär: kiçi görnüşi (340,11×210,06×100,08 sm) – 145 kg çenli, ulaldylan görnüşi bolsa (365,76×213,36×121,92 sm) – 295 kg çenli ýük daşap bilýär.
Honda eQuad-yň prototibini Germaniýada 25-29-njy iýun aralygynda geçiriljek Eurobike sergisinde hödürlär. Kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli modelden çäkli nusgada çykaryp, 2026-njy ýylyň tomsunda köpçülikleýin önümçilige başlamagy meýilleşdirýär. Bahasy barada häzirlikçe maglumat ýok.


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....