Samsung-yň ilkinji XR giňeldilen hakykat garniturasy oktýabr aýynda satuwa çykarylar

  • 22.06.2025 11:29
  • 2.1k+

Samsung-yň giňeldilen hakykat (eXtended Reality, XR) garniturasynyň tanyşdyrylyşy 29-njy sentýabrda Günorta Koreýada Unpacked çäresinde bolar. Garnitura 13-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Az soňra bolsa dünýä bazaryna çykar, diýip, GSMArena neşiri habar berýär.

Project Moohan diýlip atlandyrylýan bu enjam Google bilen Samsung-yň geçen ýyldan bäri bilelikde işläp taýýarlaýan wirtual we giňeldilen hakykat enjamlary üçin niýetlenen Android-iň ýörite wersiýasy bolan Android XR-de işleýän ilkinji garnitura bolar.
Kompaniýa eýýäm enjamyň prototiplerini birnäçe gezek görkezdi. Koreýadaky görkezilişden ozal prototip we tizer wideosy iýul aýy Unpacked çäresinde  görkeziler, bu ýerde eplenýän smartfonlaryň täze modelleri bolan Galaxy Z Fold7-niň we Flip7-niň bildiriş edilmegine garaşylýar. Şeýlelik bilen, kompaniýa bazaryň reaksiýasyna baha berýär.
Garnitura Qualcomm XR + Gen 2 çipi bilen üpjün ediler, habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, ony Samsung-yň özi 4 nm prosess tehnologiýasy arkaly öndürýär. Şeýle hem, Google Gemini-niň emeli aň bilen birleşdirilmegine garaşylýar.


12.05.2026 14:43
7.6k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

05.05.2026 15:24
943

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
895

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....