BTS-iň agzalary harby gullugy tamamlap, 2026-njy ýylyň martyna çenli sahna gaýdyp geler

  • 22.06.2025 11:42
  • 7.5k+

Belli k-pop topary BTS 2026-njy ýylyň martynda doly düzüm bilen sahna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär diýip, The Korea Herald habar berýär. Bu toparyň ýedi agzasynyň ählisi hökmany 18 aýlyk harby gullugyny tamamlandan soň mümkin bolar.

“BTS-iň gaýdyp gelmegi geljek ýylyň mart aýyna meýilleşdirilýär” – diýip, topara ýolbaşçylyk edýän Hybe kompaniýasynyň wekilleri habar berdi. Bu Hybe-yň baş direktory Li Çže Sanyň öňki aýdanlary bilen gabat gelýär. 2024-nji ýylyň başynda ol paýdarlara topara “taýýarlyk we döredijilik işleri üçin wagt” gerek boljakdygyny aýtdy.

Häzir diňe Şugunyň gaýdyp gelmegine garaşylýar. Ol jemgyýetçilik işgäri hökmümde alternatiw gullugy geçýär we ony şu aýyň ahyrynda tamamlamaly. BTS-iň uly agzasy Jin 2024-nji ýylyň iýunynda, Jeý-Houp 2024-nji ýylyň oktýabrynda gulluk borjuny tamamlady.
2025-nji ýylyň 10-njy iýunynda harby gullukdan Wi we RM gaýdyp geldi. Olary Çhunçhondaky stadionda 200 töweregi muşdaklary garşy aldy. 11-nji iýunda bolsa Çimin we Çonguk raýat durmuşyna gaýdyp geldi.  
Çimin ýygnanan muşdaklara we žurnalistlere minnetdarlyk bildirdi: “Köp wagt geçdi: pandemiýa, harby gulluk. Indi biz gaýdyp geldik, biz taýýarlan çykyşlarymyzy görkezmek üçin yhlasly zähmet çekeris”.
Belläp geçsek, BTS-iň bütin dünýäde 90 milliondan gowrak muşdagy bar. Bu hem topary pudakda iň meşhurlaryň birine öwürýär.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......