Samsung Galaxy Watch-iň käbir funksiýalaryny tölegli eder

  • 21.06.2025 18:19
  • 3.1k+

Samsung Health ekoulgamynyň käbir aýratynlyklaryny, şol sanda Galaxy Watch akylly sagatlarynda ornaşdyrylan mümkinçilikleri monetizasiýa etmek meýilnamasyny tassyklady. Bu barada Samsung Electronics-iň “sanly saglyk” bölüminiň başlygy doktor Hon Pak CNet-e beren interwýusynda mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, kompaniýa Fitbit Premium we Garmin Connect Plus ýaly tölegli abuna ýazylmagy ornaşdyrmak mümkinçiligine seredýär. Tölegli bukja haýsy funksiýalaryň goşuljakdygy takyk aýdylmaýar. Şeýle-de bolsa, söhbetdeşlikde esasy üns ýakyn wagtda geçiriljek One UI 8 Watch programma üpjünçiliginiň täzelenmesine gönükdirildi. Täze mümkinçilikleriň arasynda ýürek-damar ulgamyna düşýän agramy, ukynyň hilini we bedendäki antioksidantyň derejesini giňişleýin gözegçilikde saklamak bar.
CNet-iň belleýşi ýaly, Samsung enjamlaryň häzirki modelleriniň eýelerine täze aýratynlyklara mugt girmegi teklip edip biler, şol bir wagtda köne sagatlaryň eýeleri bolsa, tehniki goldawlary bar bolan ýagdaýynda, tölegli görnüşde elýeterli bolar.
Kompaniýa ilkinji gezek geçen ýyl Samsung Health-a tölegli funksiýalary girizjekdigi barada aýdypdy. Işewürlik modeline girizmek meýilleşdirilen üýtgeşmeler, megerem, diňe munuň bilen çäklenmese gerek. Samsung öň Galaxy AI funksiýalarynyň diňe 2025-nji ýylyň ahyryna çenli mugt boljakdygyny mälim edipdi. Şondan soň kompaniýa käbir AI funksiýalaryny tölegli kategoriýa geçirip biler.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...