Dünýäde kaşaň harytlaryň satuwy soňky 15 ýylda ilkinji gezek peseldi

  • 21.06.2025 12:04
  • 5.3k+

Kaşaň harytlaryň dünýä bazary, pandemiýa döwrüni hasaba almazdan, soňky 15 ýylda ilkinji gezek pese gaçyşy görkezdi. Bu barada Bain & Company we Altagamma tarapyndan taýýarlanan Spring 2025 Luxury Goods Worldwide Market gözlegine salgylanyp, WWD habar berýär.

Lýuks segmentinde satuw möçberi 2023-nji ýyldaky rekord 369 mlrd ýewrodan 2024-nji ýylda 364 mlrd ýewro çenli azaldy – pese gaçyş häzirki walýuta hümmeti boýunça, takmynan, 1% boldy. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde bazar 1-3% pese gaçmagyny dowam etdirdi.
Pese gaçyşyň sebäbi söwda dawalary, geosyýasy durnuksyzlyk we maliýe bazarlarynyň durnuksyzlygy boldy. Pudaga gatnaşyjylar üpjünçilik we logistika bilen bagly meseleler, ösüş üçin pul ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Brendleriň döredijilik işjeňligi hem gowşady.
Muňa garamazdan, Bain analitikleriniň pikiriçe, pudak, umuman, durnuklylygy saklaýar. Adamlar häzirem kaşaň harytlary satyn almak isleýär, çünki olar stiliň we üstünligiň nyşany bolup, brend bilen emosional baglanyşygy döredýär.
Hünärmenler 2025-nji ýylda 2-5% pese gaçyşyň bolmagyna garaşýar. Şeýle-de, ±2% derejesinde üýtgemeler bolup biler. 5-9% derejesinde güýçli pese gaçyşyň bolmak ähtimallygy pes hasaplanýar.
Oňyn dinamikany “ekspiriens-lýuks” segmenti – gymmat syýahatçylyk, kruizler, hususy awiasiýa, gämiler we ýokary gastronomiýa görkezýär. Ultra-kaşaň awtomobiller hem durnukly bolmagynda galýar, ýöne premium-klas kynçylyklary başdan geçirýär. 

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......