Ford oturgyçlarynda we gapylarynda kemçiligi sebäpli ýarym million ulagyny yzyna çagyrýar

  • 20.06.2025 23:03
  • 4.4k+

Ford kompaniýasy oturgyçlar we gapylar bilen baglanyşykly iki aýry kemçilik sebäpli 500 000 töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi.

Birinji mesele 302 000 sany Ford Explorer we Lincoln Aviator ulaglaryna degişli. Bu modellerde ikinji hatardaky gapdal oturgyçlarda Easy Entry pereklýuçateliniň plastmassa çarçuwasynda kemçilik bar. Ulag sürlüp barýarka oturgyç aşakky ýagdaýda doňup galyp ýa-da garaşylmadyk ýagdaýda eplenip biler. Yza çagyryş resminamalarynda Ford munuň heläkçilige sebäp bolup biljekdigini aýdýar.

Ikinji mesele 2021–2025-nji model ýyllarynyň 197 432 sany Mustang Mach-E elektrik ulaglaryna degişli. 12 woltlyk batareýanyň zarýady 8,4 woltdan peselse, gapylar gulplanyp, yzky ýolagçylaryň ulagdan çykmagyna päsgel berip biler.
Ford-a bu mesele boýunça 100-e golaý habar gelip gowuşdy, şolaryň ikisinde ulag eýeleri çagalarynyň ulaglarynda gulplanyp galandyklaryndan zeýrenipdi. Ejir çeken ýok.
Meseläni çözmek üçin kompaniýa geçirişi dolandyryş modulynyň we kömekçi ulgamyň programma üpjünçiligini täzelemegi teklip etdi. Täzelenme öçürilenden soň 12 minutlap gulplary tok bilen üpjün eder we öň gapylaryň içinden açylmagyna mümkinçilik döreder.
Ford ýylyň başyndan bäri 78 gezek yzyna çagyryş habarnamasyny berdi. Kompaniýa öň tormoz meselesi sebäpli 223 315 ulagy yzyna çagyrdy. Umuman alanyňda, Ford 2024-nji ýylda bir milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy.


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....