Smartfonlar, sagatlar we ýüzükler NFC-iň kömegi bilen töleg terminallarynyň ornuny tutup bilerler

  • 21.06.2025 16:37
  • 2.2k+

NFC spesifikasiýasynyň täze wersiýasy - Release 15 çykdy. Ol Near Field Communication tehnologiýasynyň diapazonynyň 5 mm-den 2 sm-e çenli dört esse artmagyny üpjün edýär. Bu, esasanam, akylly sagatlar we ýüzükler bolan ýagdaýynda enjamlaryň arasynda has çalt, durnukly birikmäge mümkinçilik berer.

Radius ujypsyz ulalan ýaly bolup görünse-de, bu NFC-ni ulanmagy has aňsatlaşdyrar. Indi enjamlary takyk deňlemegiň zerurlygy bolmaz. Mysal üçin, akylly sagatlaryň ulanyjylary üçin sagatlaryny terminallara ýakyn tutmak aňsatlaşar, sebäbi birikme meýdany ulalar.
Şeýle aralyklarda habarlaşyp bilýän enjamlar bar bolsa-da, täze spesifikasiýa bitewi standart döredýär. Bu dürli enjamlaryň arasyndaky utgaşyklygy üpjün eder we birikmäniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
Release 15-de esasy täze aýratynlyk NFC-iň önüminiň Digital Product Passport (NDPP) sanly pasportyny  goldamakdyr. Bu smartfonlara käbir enjamlara bolan zerurlygy aradan aýyryp, töleg terminaly hökmünde işlemäge mümkinçilik berer.
NFC Release 15 spesifikasiýasy 2025-nji ýylyň güýzünde ähli NFC Forum jemgyýetiniň agzalary üçin elýeterli bolar. Enjamy sertifikatlaşdyrmak hem şol wagt başlanr. Giňeldilen NFC Forumyň agzalary eýýäm doly tehniki beýany okap bilerler. Täze spesifikasiýany goldaýan enjamlaryň peýda bolmagy üçin birneme wagt gerek bolar.

düýn 14:38
2.4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....