Messi jerime urgusyndan gol geçirmek boýunça futbolçylaryň üçlügine girdi: öňde Pele bilen Žuninýo bar

  • 20.06.2025 17:01
  • 12k+

ABŞ-da geçirilýän Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda “Inter Maýami” Portugaliýanyň “Portu” klubuny 2:1 hasabynda utdy. Bu ýeňiş Lionel Messiniň klubuny FIFA-nyň howandarlygyndaky resmi ýaryşda Ýewropa toparyny utan KONKAKAF-yň (Demirgazyk we Merkezi Amerika futbol konfederasiýasy) ilkinji wekili etdi diýip, Statsdufoot habar berýär.

37 ýaşly argentinaly hüjümçi duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Onuň 54-nji minutda jerime urgusyndan geçiren goly ýeňişli boldy.
Bu onuň standart ýagdaýdan eýýäm 68-nji goly. Dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, jerimeden geçirilen gollaryň sany boýunça ol diňe Peleden (70) we Žuninýo Pernambukanodan (77) yza galýar. Kriştianu Ronaldu 64 gol bilen sanawda ýedinji orny eýeleýär.
Hawýer Maskeranonyň ýolbaşçylygyndaky “Inter Maýami” häzire çenli Klublaýyn dünýä çempionatynyň bir oýnunda hem utulmady. Birinji tapgyrda topar “Al-Ahli” bilen deňme-deň oýnady (0:0).
Iki tapgyrdan soň “Inter Maýami” A toparçada ikinji orny eýeleýär. Ol goşmaça görkezijiler boýunça “Palmeýrasdan” yza galýar. Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 24-nji iýunda bolar. 


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......