Mariýa Antuanettanyň gülgüne-benewşe göwheri bolan ýüzük 13,98 mln dollara satyldy

  • 20.06.2025 17:14
  • 2.5k+

17-nji iýunda Nýu-Ýorkdaky Rokfeller-merkezinde Christie’s Magnificent Jewels auksiony geçirildi. Onda esasy haryt agramy 10,38 karat bolan üýtgeşik gyraňly gülgüne-benewşe göwherli ýüzük boldy.

Daşyň taryhy XVIII asyrdan gaýdýar. Onuň Mariýa Antuanetta degişlidigini görkezýän göni subutnama bolmasa-da, daşyň onuň gyzy, gersoginýa Mariýa-Tereza Angulemskaýa – fransuz şa aýalynyň we Lýudowik XVI-nyň ýeke-täk diri galan çagasynda saklanandygy kesgitlendi. Käbir çeşmelere görä, 1791-nji ýylda Parižden gaçmazdan ozal şa aýaly bezeg şaý-seplerini dellekçä beripdir, olaryň arasynda batbörek şekilindäki bu daş hem bardy. Soňra ol Mariýa-Terezanyň eline düşdi.
Daş nesilden-nesle geçirilipdir. Soňky gezek ol 1996-njy ýylda auksionda köpçülige görkezildi.


Soňrak daşyň täze eýesi zergär Žoel Artur Rozentala (JAR) daş üçin täze gaşöýüni ýasamagy tabşyrdy. Ýylda bary-ýogy birnäçe şaý-sep taýýarlaýan meşhur ussa ony gara titandan ýasap, ownuk göwherlerden ybarat goşa halka oturtdy hem-de liliýanyň şekilinde 17 almazdan ybarat täji goşdy.
Auksionda ýüzük 13,98 mln dollara satyldy – başlangyç bahadan tas üç esse ýokary ($3-5 mln). Alyjynyň ady mälim edilmeýär.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......