Star Union welosipedler üçin sürtülmesiz işleýän magnitli hereketlendiriji döretdi

  • 20.06.2025 10:43
  • 4.7k+

Star Union kompaniýasy adaty dişleriň deregine magnit ulgamy ornaşdyrylan Magnetic Gear Motor (MGM) atly welosiped hereketlendirijisini hödürledi. Bu tehnologiýa güýji fiziki aragatnaşyk bolmazdan geçirýär diýip, «New Atlas» ýazýar.

Ölçegi 12×10×9 sm, agramy bolsa 2,3 kg bolan bu hereketlendiriji 80 Nm çenli iň ýokary torky we 250 Wt (iň ýokary 580 Wt-a çenli) güýji üpjün edýär. Bu görkezijiler MGM-ni elektrikli welosipedler üçin iň täsirli çözgütleriň birine öwürýär.
Sürtülmäniň ýokdugy sebäpli detallar çalt könelmeýär we sürülýän wagty sesi peseldýär. Magnit muftasy aşa ýüklenmelerde rahatlyk bilen süýşýär, bu bolsa hereketlendirijini zeperlerden goraýar. Mehaniki reduktorlardan tapawutlylykda, MGM yzygiderli hyzmat talap etmeýär.
Synaglar bu hereketlendirijiniň deňeşdirilen enjamlardan kiçidigine garamazdan, has uzak ýol geçmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi.
Star Union kompaniýasy sygymy 160-dan 480 Wt-sagada çenli bolan ýol we dag welosipedleri üçin toplumlaryň hataryny işläp taýýarlady.
OEM öndürijiler üçin toplumlaryň ibermelerine 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde başlamak meýilleşdirilýär.

şu gün 14:38
1.5k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

şu gün 08:10
3.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.4k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....