Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda Türkmenistan birinji orny eýeledi

  • 19.06.2025 11:34
  • 6.6k+

18-nji iýunda Aşgabatda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy.

Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşa gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaryşyň jemleri jemlenip, onuň ýeňijilerine medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenende, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlar aýratyn tapawutlanmagy başardylar.

Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçüler 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç, jemi 10 medal gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. Şeýle-de ikinji orna 2 altyn, 2 kümüş, jemi 4 medal bilen Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 1 altyn, 1 bürünç, jemi 2 medal bilen Gazagystan Respublikasynyň türgenleri mynasyp boldular.

Şunda 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 8 utuk toplan özbegistanly Zarina Larina altyn, Türkmenistandan 7 utuk toplan Bägül Jumaýewa kümüş, Gazagystandan 6 utuk toplan Amira Alemanowa bürünç medal gazanmagy başardylar. 10 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Läle Wepaýewa 8 utuk bilen altyn, Özbegistandan Zarina Nematjonowa 7 utuk bilen kümüş, Türkmenistandan Dünýä Ruslanowa 6,5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldular. 12 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlar türkmen küştçüleriniň hasabyna ýazyldy. Hususan-da, 8 utuk toplan Dilber Hupbyýewa altyn, 7 utuk toplan Aýa Baýramowa kümüş, 6 utuk toplan Nurana Söýünowa bürünç medal gazandylar.

8 ýaşly oglanjyklaryň arasynda Türkmenistandan Çaryhekim Çaryýew 8 utuk toplap, altyn medalyň, Özbegistan Respublikasyndan Saýfutdin Erkinboýew 7,5 utuk toplap, kümüş medalyň, Täjigistan Respublikasyndan Murodali Saifiew 6 utuk toplap, bürünç medalyň eýeleri boldular.
10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: Özbegistandan 8,5 utuk toplan Abdurahmon Rajabow altyn medal, şonça utuk bilen Türkmenistandan Maksat Awlüýäkulyýew kümüş medal, Eýrandan 6 utuk toplan Asgar Katir Saniar bürünç medal. 12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa 8 utuk toplap, Gazagystan Respublikasyndan Nurassyl Primbetow altyn medal, Türkmenistandan Alyhan Batyrow hem-de Osman Hamrakulyýew, degişlilikde, 7,5 we 6 utuklary toplap, kümüş hem-de bürünç medallary gazandylar.

Halkara küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde-de Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde ýaş küştçülerimiz umumy medal hasabynda 4 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç — jemi 9 medal gazanyp, bu oýunda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler. Blitz ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş gazanan Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç medal gazanan Gazagystan Respublikasynyň küştçüleri mynasyp boldular.

Küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 7,5 utuk toplan türkmenistanly Anna Çaryýewa altyn, 7 utuk toplan özbegistanly Zarina Larina kümüş, 6,5 utuk toplan türkmenistanly Laçyn Isaýewa bürünç medal gazandylar. 10 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlary Türkmenistanyň küştçüleri öz adyna ýazdyrmagy başardylar. Hususan-da, Dünýä Ruslanowa altyn, Läle Wepaýewa kümüş, Jumasoltan Muhammetberdiýewa bürünç medallary eýelediler. 12 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Aýa Baýramowa altyn, Gazagystandan Alina Kairbekowa kümüş, Gyrgyzystandan Adelina Ramisowa bürünç medal gazanmagy başardylar.
8 ýaşly oglanlaryň arasynda birinji we ikinji orunlary, degişlilikde, ýaş türkmen küştçüleri Çaryhekim Çaryýew hem-de Isa Garlyýew paýlaşdy. Bürünç medala bolsa gazagystanly türgen Altair Omurzakow mynasyp boldy. 10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: Özbegistandan Abdurahmon Rajabow altyn, Gazagystandan Alrami Mukaşew kümüş, Türkmenistandan Myrat Merdanow bürünç medal. 12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa altyn medala Özbegistandan Islombek Husanow mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, gazagystanly ýaş küştçüler Nurassyl Primbetow hem-de Nuras Amangeldy paýlaşdy.

Şeýlelikde, sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna 4 altyn, 3 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri mynasyp boldular. 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň türgenleri bolsa üçünji orundan paýly boldular.
Baýrakly orunlary eýelän zehinli küştçülere olaryň mynasyp bolan medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Günüň ikinji ýarymynda ýaryşa gatnaşyjylar Arkadag şäherine gelip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan ýaryşa gatnaşan zehinli küştçüler sowgat berlen noutbuk kompýuterlerini hoşallyk bilen kabul etdiler. Sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine, lukmanlaryna, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna hem gowşuryldy.


düýn 11:49
1.5k+

Türkmenistan türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Gaziantep şäherinde 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionaty tamamlandy. Türki döwletleriň guramasynyň howandarlygynda 13-nji dekabrda geçirilen ýaryşa Azerbaýjanuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň ýygyndy toparlary we Türkiýeden üç topar gatnaşdy...

16.12.2025 11:01
13k+

Baýramdurdy Nurmuhammedow Dubaýda geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi...

15.12.2025 23:17
28k+

Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy...

10.12.2025 10:57
12k+

Garagumuň içi bilen 206 km: Türkmenistanyň Ralli-reýd boýunça çempionaty geçirildi

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topary T2 synpyndaky wnedorožnikleriň hasabynda Türkmenistanyň ralli-reýd boýunça çempionatynyň ýeňijisi boldy...