Stellar Blade oýnunyň kompýuter wersiýasy üç günde milliondan gowrak nusgada satyldy

  • 18.06.2025 14:41
  • 3.4k+

Günorta Koreýanyň Shift Up studiýasy tarapyndan işlenip düzülen post-apokaliptik Stellar Blade ekşen oýnunyň kompýuter wersiýasy bary-ýogy üç günüň dowamynda bir milliondan gowrak nusgada satyldy. Oýnuň satuwy 12-nji iýunda başlady diýip, Günorta Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Deňeşdirsek, oýnuň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde çykan PlayStation 5 wersiýasynyň şol görkezijä ýetmegi üçin iki aý wagt gerek bolupdy. Ýagny kompýuter boýunça satuwlar, takmynan, 20 esse çalt. Oýna aýratyn uly gyzyklanma Hytaýda hasaba alyndy.
Oýnuň ähli platformalarda umumy satuwy 3 million nusgadan geçdi. Ýagny, takmynan, iki million ulanyjy oýny PS5 üçin satyn alypdyr.
Mundan başga-da, Stellar Blade kompýuter üçin çykarylan PlayStation-yň ýekelikde oýnalýan taslamalarynyň arasynda täze rekord goýdy. Steam-de iň ýokary onlaýn oýunçy sany 192 müňden geçdi, bu bolsa öňki rekorddan – Ghost of Tsushima-nyň 77,1 müňlük görkezijisinden ep-esli ýokarydyr.
Habaryň neşir edilen wagtyndaky maglumatlara görä, Stellar Blade oýnunyň Steam-däki ulanyjy bahalandyrmasy – 94%. Oýun 15,3 müňden gowrak «örän oňyn» baha (Steam-den daşary satyn almalary hem goşanyňda 22,6 müň) aldy.
Eýýämden oýnuň dowamynyň üstünde işlenilýär, onuň 2027-nji ýyla çenli çykmagyna garaşylýar.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......