Trampyň maşgalasy 499 dollara “altyn” smartfon çykarar we aragatnaşyk operatoryny işe girizer

  • 17.06.2025 17:31
  • 11k+

Trump Organization holdingi Trump Mobile aragatnaşyk operatorynyň işe girizilýändigini we “kaşaň altyn görnüşde” T1 smartfonynyň çykarylýandygyny habar berdi. Bu barada The Verge belleýär.

Aragatnaşyk operatory öz müşderileri üçin aýda 47,45 dollara (bu Trampyň özüniň ilkinji möhletinde ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti, gaýtadan saýlananda bolsa 47-nji Prezidenti bolandygyna salgylanma bolsa gerek) “47” nyrhnama meýilnamasyny hödürleýär. Ol 20 GB 5G mobil internetini, şeýle-de çäksiz gepleşikleri we SMS habarlaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, ol 100-den gowrak ýurt bilen halkara aragatnaşygyny hödürleýär.

“Trump Mobile ykjam telefonlar we ykjam aragatnaşyk gurşawynda rewolýusiýa geçirer” – diýip, Trump Organization-yň wise-prezidenti we Donald Trampyň ogly Erik Tramp Fox News bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

The Verge nyrhnamanyň beýleki operatorlaryňky bilen deňeşdirilende gymmatdygyny belleýär.

T1 smartfony öwüşginsiz altyn reňke eýe boldy, onuň kameralarynyň ýerleşişi iPhone Pro-ny ýada salýar. Smartfonyň yzky panelinde ABŞ-nyň baýdagy we T1 logotipi bar. Onuň bahasy 499 dollar bolar. Önümçilik ABŞ-da ýola goýlar, satuw bolsa şu ýylyň dowamynda başlar, ýöne deslapky sargytlar eýýäm açyk.

Neşir telefonyň aýratynlyklaryny “erbet däl” diýip atlandyrýar, ýöne resmi beýanda ýalňyşlyklaryň bardygyny görkezýär. Mysal üçin, onda “uzak möhletleýin hyzmat etjek 5000 milliamper-sagat kamera” barada aýdylýar, ýöne milliamper-sagat – bu akkumulýator sygymynyň ölçeg birligidir.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, gurluş Android-de işleýär. Ol 12 GB operatiw ýada we 256 GB içerki ýada, 50 Mp esasy kamera we 16 Mp frontal kamera eýe boldy. Smartfonyň haýsy çipde işleýändigi görkezilmeýär.

Trump Organization – bu Donald Trampyň biznesleriniň köpüsini birleşdirýän holding. Häzir ol Trampyň çagalary tarapyndan dolandyrylýar.

Ozal Ak tamyň ýolbaşçysy ABŞ-nyň raýatlygyny almaga mümkinçilik berjek 5 mln dollara “altyn kartlaryň” satuwyny anons etdi. Häzirlikçe olaryň satuwynyň başlanandygy habar berilmeýär, ýöne isleg bildirýänleriň arza tabşyrmagy üçin ýörite saýt işe girizildi.


şu gün 00:57
4.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......