Toyota iň güýçli Land Cruiser 300-i tanyşdyrdy. Ol eýýäm BAE-de elýeterli

  • 14.06.2025 12:28
  • 15k+

Toyota ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Land Cruiser 300» kysymly awtoulagynyň täze modifikasiýasyny – gibrid wersiýasyny hödürledi. Ol eýýäm BAE-de sargyt etmek üçin elýeterli. Ol 2026-njy model ýylyndan başlap, Awstraliýada hem satuwa çykarylar.

Bu modeliň esasy tapawudy, onuň «Lexus LX 700h-dan» alnan gibrid güýç ulgamydyr. Güýji birneme peseldilen hem bolsa, «Land Cruiser 300 Hybrid» seriýanyň iň güýçlüsi boldy.
Güýç ulgamy 3,5 litrlik benzinli V6 hereketlendirijiden, elektrohereketlendirijiden we 10 basgançakly awtomatiki karobkadan ybarat. «Lexus LX 700h-da» bu ulgam 464 at güýjüni we 790 Nm torky üpjün edýär. «Land Cruiser 300 Hybrid» üçin bolsa, 457 at güýji görkezilýär, torky bolsa öňküsi ýaly – 790 Nm.

Ulagyň ýangyç sarp edişi her 100 kilometre 10,9 litrdir. Daşky görnüşinde gibrid wersiýasy özboluşly öňdäki bamperi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem adaty «Land Cruiser 300» modeline meňzeş GR Sport modifikasiýasy hem hödürlenýär.
Bellenmegine görä, ulagyň elektrikli ulgamy goşmaça gorag bilen üpjün edilipdir we ýolsuz ýerlerdäki mümkinçilikleri öňki derejesinde saklanypdyr. Hatda elektrohereketlendiriji işlemedik ýagdaýynda-da, ulag diňe benzinli hereketlendiriji arkaly hereketini dowam etdirip biler.
BAE-de «Land Cruiser 300 Hybrid-iň» bahasy 389 900 dirhemden (takmynan, 106 müň dollardan) başlanýar. Deňeşdirsek, adaty 3,5 litrlik V6 hereketlendirijili wersiýasy 329 müň 900 dirhem (takmynan, 89,8 müň dollar) diýlip bahalandyrylýar.





düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......