Microsoft Windows 11-de täze funksiýalar bilen süýşürilýän «Başlat» menýusyny synag edýär

  • 14.06.2025 00:39
  • 1.8k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamynyň synagçylary üçin täzelenen «Başlat» (Start) menýusyny Dev Channel arkaly hödürledi. Täze görnüşli menýu has ulaldy, süýşürmäge ukyply interfeýs bilen üpjün edildi we sazlama degişli birnäçe täze mümkinçilikler girizildi.

Täze funksiýalar barada maýda yglan edildi, ilkinji synag görnüşi bolsa aprelde peýda bolupdy.
Indi ähli programmalar göni esasy menýuda görkezilýär, öňküsi ýaly ikinji sahypa geçmegiň zerurlygy ýok. Ulanyjylar islendik wagt maslahatlar bölümini öçürip, diňe öz programmalaryny giňişleýin görüp bilerler. Şeýle hem iki sany täze görnüş hödürlenýär: biri programmalary toparlara bölüp görkezýär, beýlekisi bolsa olaryň elipbiý boýunça görkezilmegini üpjün edýär.
Uly enjamlar üçin menýuda programmalaryň sekiz sütüni, alty maslahat we dört kategoriýa sütüni görkezilýär. Kiçi ekranly enjamlar üçin bolsa, alty sütün programma, dört maslahat we üç sütün kategoriýa görkezilýär diýip, «Windows Insider» topary habar berýär.
Maslahatlary öçürmek üçin sazlamalaryň («Şahsylaşdyrma» (Personalizastion) > «Başlat» (Start)) içindäki şu opsiýalary öçürmeli: «Ýakyn wagtda goşulan programmalary görkez», «“Başlat” menýusynda maslahat berilýän faýllary görkez» we «Gözleg taryhyndan web sahypalary görkez».
Şeýle-de «Başlat» menýusyna täze mobil enjam düwmesi goşuldy – bu düwme Phone Link programmasynyň interfeýsini giňeldip-kiçeltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ulanyjylar indi gulplanan ekrandaky wijetleri hem öz islegine görä sazlap bilerler.
Dev Channel-iň soňky ýygyndysynda Gamepad klawiaturasynyň täzelenen görnüşi bar, bu bolsa kontroller arkaly PIN-kody girizmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, X sosial torunda ulanyjylar React Native-de işleýän Windows 11-däki «Başlat» düwmesiniň her basylanda prosessoryň bir ýadrosyny 30-70%-niň ulanýandygyny ýüze çykardylar. Bu kompýuteriň konfigurasiýasyna baglylykda üýtgeýär.

şu gün 14:38
2.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

şu gün 08:10
4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....