Chanel galyndylar bilen işlemek boýunça täze bölümçäni işe girizdi

  • 13.06.2025 10:47
  • 2.8k+

Chanel fransuz moda öýi galyndylar bilen işlemek, gerekmejek materiallary peýdaly ulanmak we gaýtadan işlenilýän materiallary döretmek boýunça täze bölümçäniň işe girizilendigini habar berdi. Ol Nevold (Never Old sözlerinden gysgaltma) adyny aldy.

Brend bu ugra 2019-njy ýylda maýa goýup başlady. Indi bolsa Chanel diňe bir özi üçin galyndylary gaýtadan işlemän, eýsem beýleki kompaniýalara hyzmatlary (B2B hyzmaty) hödürlejek, şeýle-de tutuş moda pudagy üçin çözgütleri işläp taýýarlajak (R&D merkezi) doly derejeli bölümçäni döretdi.
Nevold-a LVMH-iň öňki menejeri Sofi Brokar ýolbaşçylyk eder. Ol operasion modeli guramak we taslamany ösdürmek bilen meşgullanar.
Nevold eýýäm soňky ýyllarda Chanel tarapyndan döredilen ýa-da satyn alnan üç kompaniýany birleşdirýär:

  • ·L'Atelier des Matières — brendler bilen matalary we egin-eşikleri gaýtadan işleýjileriň arasynda araçy;
  • ·Filatures du Parc — ýüplügi gaýtadan işlemek boýunça 50 ýyllyk tejribesi bolan fransuz fabrikasy;
  • ·Authentic Material — derini gaýtadan işleýän we täze materiallary döredýän firma.

“Chanel-i Chanel gaýtadan işlemeýär. Biz hem özümizden, hem öz galyndylaryny satmaga taýýar beýleki kompaniýalardan galyndylary alýarys” – diýip, Chanel-iň moda ugrunyň prezidenti Bruno Pawlowski belledi.

Ozal galyndylary gaýtadan işlemek ugruna LVMH we Kering kompaniýalary hem maýa goýdy. Ýöne tankytçylar umumy önümçilik möçberini azaltmazdan, hatda iň gowy gaýtadan işlemek ulgamlarynyň hem meseläni çözmejekdigini belleýär.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....