Şa gyzy Diananyň garderobyndan 100-den gowrak zat auksiona çykarylar

  • 12.06.2025 22:10
  • 3.3k+

Iýul aýynyň ahyrynda Bewerli-Hillzde (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) Princess Diana's Style & A Royal Collection auksiony geçiriler. Onda şa gyzy Diananyň garderobyndan ýüzden gowrak egin-eşik predmeti we aksessuarlar hödürlener diýip, CNN habar berýär.

Bu häzire çenli auksiona çykarylan patyşalyk moda predmetleriniň iň uly kolleksiýasy bolar.
Julien’s Auctions auksion öýüniň harytlarynyň arasynda Diananyň 1988 – 1992-nji ýyllarda, şol sanda Ispaniýa resmi sapary wagtynda geýen ýiti reňkli gülli köýnegi bar. Şeýle-de, Ketrin Uokerden guş şekilli nagyş bilen ýüpekden sarymtyl köýnek hödürlener. Ony şa gyzy 1986-njy ýylda Pars aýlagyna gezelenç wagtynda geýdi. Guramaçylaryň hasaplamagyna görä, şeýle köýnekleriň her biriniň bahasy 200 müň dollardan 300 müň dollara ýetip biler.
Beýleki eşikleriň arasynda Brýus Oldfildden sary gülli köýnek, Janni Wersaçeden gök ýeňsiz köýnek we Diananyň 1981-nji ýylda şazada Çarlz bilen adaglanandan soň ilkinji resmi çärä geýen taftadan tikilen gara köýnegi bar.   
Aksessuarlaryň arasynda Diana Fransiýanyň Birinji hanymy Bernadett Şirak tarapyndan sowgat berlen deriden Dior sumkasy, şeýle-de arhiw suratlar, hatlar, eskizler, otkrytkalar, aýakgap, klatçlar we gapjyklar hödürlenýär.
1997-nji ýylda Diananyň özi auksiona 80 köýnek çykardy. Olardan alnan 3,2 mln dollary rak we AIDS bilen göreşe gönükdirdi.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......