Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň iň gülkünç suratlary hödürlendi

  • 11.06.2025 15:29
  • 11k+

Ýabany tebigatyň gülkünç suratlarynyň bäsleşigi Nikon Comedy Wildlife Awards 2025-iň guramaçylary fotosuratlary kabul etmegiň tamamlanmagyna bir aýyň galandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, olar soňky aýlarda gelip gowşan iň gülkünç suratlar bilen paýlaşmak kararyna geldi.

Bäsleşige eýýäm üç müňden gowrak fotosurat iberildi.
Hödürlenen kadrlaryň arasynda dünýäniň dürli künjeginden fotosuratçylar tarapyndan düşürilen haýwanlaryň durmuşyndan garaşylmadyk we gülküli pursatlar bar:

“Hiç kim eşitmeýän ýaly aýdym aýt” / Emma Parker

“Hakykatdanam gyşmy?” / Anett Kirbi

“Komandir” / Raşel Makintoş

“Suwa çümmek üçin nobat” / Martin Şmid

“Eje, bolly edäý-dä” / Mark Met-Koen

“Galdyryp goýber, hany!” / Bhargawa Sriwari

“Elini galgadýan aždarha” / Trewor Riks

“Oturtma saç” / Ýann Şowett

“Ikea-ny ýigrenýärin” / Braýan Hempsted

“Sugunlar uçmaýar?” / Jeremi Duwekot

Bäsleşigiň maksady diňe bir tomaşaçylaryň göwnüni açmak däl, eýsem ýabany tebigatyň goragyna ünsi çekmekdir.

“2024-nji ýyldaky bäsleşigiň üstünliginden we biziň Nikon bilen alan gülkimizden, şatlygymyzdan soň, biz dünýäniň öňdebaryjy fotoapparat brendleriniň biri bilen ýene hyzmatdaşlyk etmäge şat” – diýip, guramaçylaryň habarynda aýdylýar.

Bäsleşige islendik markanyň fotoapparatyny ulanyp, isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp bilýär. Öz suratlaryňy taslamanyň resmi saýtyna ibermeli. Ahyrky möhlet – 30-njy iýun.
Bäsleşigiň jemleri şu ýyl gijräk yglan ediler. Ýeňijilere gowy baýraklar garaşýar. 


19.06.2026 19:36
6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
6k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....