Amerikan başlangyjy düwünçeklere genetiki taýdan baha berjek ilkinji programmany döretdi

  • 11.06.2025 13:58
  • 2.9k+

Amerikanyň Nucleus Genomics startapy emeli tohumlandyrma wagtynda ýatga geçirilmezden ozal düwünçegiň genetiki profilini seljermäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji programma üpjünçiligini döretdi.

Maksatnama neslegeçiji keselleriň ösmek ähtimallygyna, ömrüň dowamlylygyna, şeýle hem geljekki çaganyň fiziki we aň-bilim aýratynlyklaryna baha berýär.
Işläp taýýarlama bir wagtyň özünde 20-ä çenli düwünçegiň DNK-syny 900-den gowrak ölçeg boýunça seljerip biler. Olaryň arasynda ýürek-damar we onkologiýa keselleri, süýji keseli, ruhy bozulmalar, şeýle hem çak edilýän boý, gözüň reňkini we ýokary aň-bilim başarnyklaryna meýilliligi ýaly aýratynlyklar bar.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş direktory Kian Sadeginiň sözlerine görä, bu maksatnama ene-atalara geljekki çagalarynyň genetiki saglygyna gözegçiligi artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, netijeleri düşündirmäge ýardam berjek  genetikler bilen maslahatlaşmalar hem ýola goýuldy.
Häzirki wagta çenli EKO klinikalarynda, adatça, düwünçeklerde Daun sindromy ýaly hromosom kadadan çykmalarynyň barlygy-ýoklugy barlanylýardy. Şeýle-de bolsa, köp genleriň täsirini göz öňünde tutýan poligeniki töwekgelçilik ballarynyň ulanylmagy ylmy we ahlak jemgyýetçilikde jedel mesele bolmagynda galýar.
Hünärmenler pes hasaplanan töwekgelçilikler bilen hem keseliň özüni görkezip biljekdigini we tersine bolmagynyň hem mümkindigini nygtaýarlar. Şeýle-de bolsa, tehnologiýa bolan gyzyklanma artýar. Hyzmatdaş Genomic Prediction kompaniýasy poligeniki töwekgelçilikleri göz öňünde tutup, eýýäm 120 müňden gowrak düwünçegi seljerdi.
Işläp taýýarlamany şahsylaşdyrylan lukmançylyk we nesil kesellerine garşy göreş ugruna degişli hasaplaýarlar.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....