Hosep Gwardiola Mançester uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesine mynasyp boldy

  • 10.06.2025 21:38
  • 5.8k+

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola Mançester uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesini aldy. Ol şäheriň ösüşine goşan goşandy we futboldan daşary işleri, şol sanda Guardiola Sala Foundation haýyr-sahawat gaznasynyň işi üçin sylaglandy.

Diplom gowşurylanda uniwersitetiň wekilleri Gwardiolanyň ýerli jemgyýete ýetiren täsirini belledi. Tälimçiniň özi klubda işlän dokuz ýylynda Mançesteriň özi üçin öýe öwrülendigini belläp geçdi.

“Men Mançester uniwersitetiniň şäherimiz üçin näderejede möhümdigini bilýärin. Ol köp ylmy gözlegleriň merkezi bolup, açyşlaryň baý taryhyna eýedir. Dogrusyny aýtsam, şeýle abraýly edaradan şeýle hormata mynasyp bolmak – bu ajaýyp duýgy. Men Mançester uniwersitetinde hemmelere bu pursat üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin, şeýle-de men dowamly goldawlary üçin “Mançester Sitide” hemmelere minnetdarlyk bildirýärin” – diýip, tälimçi aýtdy.

Hosep Gwardiola 2016-njy ýyldan bäri “Mançester Sitä” ýolbaşçylyk edýär. Bu döwürde ol klub bilen 17 kubok, şol sanda Çempionlar ligasyny utdy. Ispaniýaly hünärmen tarapyndan esaslandyrylan Guardiola Sala Foundation gaznasy saglygy goraýyş, bilim pudaklarynda we pes girdejili maşgalalara kömek etmekde işjeň ýardam berýär.
Mançester uniwersiteti Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup, 1824-nji ýylda esaslandyryldy.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....