L'Oreal 1 milliard ýewro Medik8 deri idegi brendini satyn aldy

  • 10.06.2025 15:25
  • 2.3k+

L'Oreal SA fransuz kompaniýasy Britaniýanyň Medik8 deri idegi brendiniň paýnamalarynyň gözegçilik paýyna eýe boldy. Bu barada L'Oreal-yň özi 9-njy iýunda habar berdi diýip, Bloomberg habar berýär.

Gullugyň maglumatyna görä, şertnamanyň bahasy takmynan 1 milliard ýewro (1,14 milliard dollar). Maliýe şertleri resmi taýdan aýan edilmedi, ýöne Inflexion maýa goýum kompaniýasynyň azlyk paýyny saklajakdygy bellendi. Medik8-iň dolandyryş topary işini dowam etdirer.
Medik8 2009-njy ýylda Beýik Britaniýada esaslandyryldy we garrylyga garşy kosmetika bilen meşgullanýar. Kompaniýa elýeterli nyrh syýasaty bolan brend hökmünde özüni tanatdy. Bu satyn alyş L'Oreal-a dürli baha segmentlerinde derä ideg ediş önümleriniň hataryny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Bloomberg-iň belleýşi ýaly, kremler we syworotkalar barada maglumat almakda meşhur bolan TikTok ýaly sosial ulgamlaryň kömegi bilen derä ideg ediş önümlerine bolan gyzyklanma artýar. 2023-nji ýylda L'Oreal premial kosmetika segmentindäki ornuny berkitmek üçin eýýäm Awstraliýanyň Aesop brendini satyn aldy.
CeraVe we Vichy brendlerini öz içine alýan L'Oreal-yň dermatologiki gözellik bölümi 2024-nji ýylda kompaniýanyň ähli iş ugurlarynda iň ýokary ösüş depginini görkezdi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....