Köne smartfonlary kiçi maglumat merkezleri hökmünde ulanmak teklip edildi

  • 10.06.2025 13:39
  • 2.9k+

Tartu uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary institutynyň alymlary köne smartfonlary gaýtadan ulanmagyň usulyny işläp düzdüler. Olar şeýle enjamlary kiçi ölçegli maglumat işleýiş we saklaýyş merkezlerine öwürmegi teklip etdiler diýip, «Tech Xplore» habar berýär.

Maglumata görä, dünýäde her ýyl 1,2 milliarddan gowrak täze telefon öndürilýär. Elektron enjamlary öndürmek köp mukdarda energiýany we tebigy serişdeleri talap edýär, şeýle-de kömürturşy gazynyň atmosferada goýberilmegine sebäp bolýar. Bir smartfonyň ortaça ulanyş möhleti 2-3 ýyl, köp sanly enjamlar şonda-da ulanmaga ýaramly ýagdaýda galýar. Ulanyşdan aýrylansoň, olar gaýtadan işlenýär ýa-da taşlanýar.
Alymlaryň aýtmagyna görä, sarp edijileriň özüni alyp barşyny üýtgetmegi iň gowy çözgütdir, ýöne bu tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe örän kyn. Şonuň üçin enjamlary täze maksatly ulanmak arkaly olaryň hyzmat ediş möhletini uzaltmak möhümdir. Iň soňky gözlegler köne smartfonlaryň hasaplaýyş düwünleri hökmünde ulanylyp bilinjekdigini görkezdi. Şeýle modullaryň biriniň bahasy, takmynan, 8 ýewrodyr.
Toplanan enjamlar, meselem, awtobus duralgalarynda ulanylyp bilner – ýolagçy akymy baradaky maglumatlary toplamakda we ugurlary optimizirlemekde peýdaly bolup biler. Synag tapgyrynda hünärmenler akkumulýatorlary aýyrdylar, daşarky tok çeşmelerini birikdirdiler we dört smartfony plastmassa korpus bilen birleşdirip bir moduly emele getirdiler. Bu modul suwastynda üstünlikli synagdan geçirildi – ozal el bilen amala aşyrylýan deňiz jandarlarynyň awtomatlaşdyrylan gözegçiligi üçin ulanyldy.
Bu taslama hatda könelen enjamlaryň hem peýdaly wezipeleri ýerine ýetirip, daşky gurşawa düşýän ýüki azaldyp biljekdigini görkezýär.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
950

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......